Ilkinji gezek Aýyň arka tarapyndan Ýere nusgalary ugradan Hytaýyň «Çane-6» missiýasynyň orbital enjamy Gün-Ýer ulgamynyň ikinji Lagranž nokadyna (L2) ýetdi. Nusgalary Ýere iberenden soň, orbital enjam planetamyzyň atmosferasyna gaýtadan girmezlik üçin hereketlendirijilerini işletdi we täze traýektoriýa arkaly uçuşyny dowam etdirdi. «Space News» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu uçuş Hytaý Halk Respublikasynyň geljekki kosmos missiýalaryny taýýarlamakda, mysal üçin, 2028-nji ýylda ekzoplanetalary gözlemek üçin meýilleşdirilýän «Ýer 2.0» obserwatoriýasyny işe girizmekde aýratyn ähmiýete eýe bolup biler.
«Lagranž L2» nokady Ýerden iň az päsgelçilik bilen kosmos çuňlugyna yzygiderli gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän durnukly gözegçilik şertlerini üpjün edýär. Jeýms Webbiň adyny göterýän teleskop hem şol sebitde ulanylýar.