Şanly waka

26 Aprel 2021
1066

Türkmen bedewiniň milli baýramy we şu ýyl ilkinji gezek bilelikde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy alabaý itleriniň janköýerleri üçin goşa şatlyga öwrüldi. Daşoguz şäheriniň golaýynda, S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň «Adalat» geňeşliginiň çäginde türkmen alabaý itleriniň merkezi açyldy. Bu merkeziň teleköpri arkaly Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen açylmagy taryhy waka öwrüldi. Bu şanly waka nesilden-nesle gelýän itşynas hökmünde meni juda tolgundyrdy.

Halkymyzyň ahalteke bedewi, saryja goýny, halysy ýaly dünýä beren ajaýyp gymmatlyklarynyň hatarynda durýan alabaý itleri uzak asyrlaryň dowamynda tebigy şertleriň, şonuň ýaly-da halkymyzyň itşynaslykda toplan ajaýyp tejribesiniň esasynda kemala gelen ajaýyp tohumdyr. Ol batyrlygy, eýesine wepalylygy, duýgurlygy bilen haýran galdyrýar.

Dörtbaý GARAHANOW,
Daşoguz Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, itşynas.