Ak şäherim — ak bagtym

26 Aprel 2021
942

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly bolan üstümizdäki ýylda mukaddes Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýy gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň düýbüniň tutulmagynyň 140 ýyllygy bilen gabat gelýär. Bu şanly seneler, hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalary esasynda, giňden bellenilip geçiler. Aşgabat bu gün diňe bir lowurdap duran ak mermerli merjen şäher bolman, ol sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde hem dünýä äşgärdir. Aşgabat biziň göwün şadymyz. Aşgabat biziň dillerde dessanymyz. Bu gün mähriban şäherimiziň ady äleme doldy. Geliň, Aşgabadyň geçmiş taryhyna arhiw materiallary arkaly bilelikde syýahat edeliň.

Taryhy maglumatlardan bize mälim bolşy ýaly, Aşgabadyň düýbi 1881-nji ýylyň ýanwarynda, gadymy söwda kerwen ýollarynyň çatrygynda tutulypdyr. Ol Ahal-teke oazisinde, Ashabat bilen Köşi obalarynyň arasynda amatly ýerde ýerleşipdir. Aşgabadyň taryhynda onuň ady üç gezek üýtgeýär. Ol 1881-de Ashabad, 1919-njy ýylda Poltorask, 1927-nji ýyldan bolsa Aşgabat adyny alýar. Şeýlelik bilen, 1881-nji ýyl taryhy senede biziň paýtagtymyzyň dörän ýyly diýlip hasaplanylýar.

Goçy ANNASÄHEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgäri.