Şaý - bedewiň bezegi

27 Aprel 2021
1098

At şaýlary ahalteke bedewiniň toý-dabaralardaky aýrylmaz bezegidir. Ata dakylýan boýunlyk, gözlük, göwüsbent, uýan — bularyň hemmesi diňe bir bezeg ornunda bolman, eýsem, gözden-dilden goraýjy serişde bolup hem hyzmat edýär.

Türkmen halkynyň taryhynda altyn-kümüş şaýlaryň taýýarlanylyşy öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Arheologik gazuw-agtaryş işleri bize dürli asyrlaryň, ýagny bürünç asyrdan tä ösen orta asyra çenli çeperçilik önümleri açyp görkezýär. Tapyndylaryň köpüsi dünýewi çeperçilik medeniýetiniň asyl nusgalarydyr. Muňa belli Amyderýa hazynasyndan bolan b.e. öňki V-IV asyrlara degişli täsin önümleri mysal getirmek bolar.

Laçyn WELIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär mekdebiniň mugallymy.