Ussadyň hormatyna

26 Aprel 2021
1206

Golaýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde meşhur kompozitor Daňatar Öwezowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanyp konsert geçirildi. Konsert meşhur kompozitorlar Daňatar Öwezowyň we Adrian Şapoşnikowyň «Aýna» operasynyň uwertýurasy bilen başlandy. Bu eser sazçylyk mekdebiniň simfoniki topary tarapyndan Eziz Jumanyýazowyň dirižýorlyk etmeginde ýerine ýetirildi. Sazçylyk mekdebiniň mugallymy Gurbangeldi Gurbandurdyýewiň dutarçylar toparynyň ýerine ýetiren «Ýandym Leýli», Mähriban Baratowyň fortepianoda ýerine ýetiren kompozitor Weli Muhadowyň «Improwizasiýa» eseri hem konserte gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Meşhur kompozitorlar Weli Muhadowyň we Adrian Şapoşnikowyň, A.Wiwaldiniň, M.Teodorakisiň eserleri esasynda mugallymlaryň we talyplaryň ýerine ýetiren çykyşlary has-da täsirli boldy. Tanymal kompozitor Daňatar Öwezowyň döreden saz eserleri halkymyzyň kalbynda hemişelik ýaşaýar. Ol türkmen aýdym-saz sungatynyň ösüşine uly goşant goşan ussat kompozitordyr. Konsert mekdebiň hor toparynyň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestriniň ýerine ýetirmeginde belentden ýaňlanan «Bagtyýarlyk bossany» atly aýdym bilen jemlenildi. 

Hanguly ÖWEZOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.