Aýlanaýyn, obam senden!

28 Aprel 2021
1150

(Oýlanma)

Obalaryň ýaz ýakymy şu günler has başgaça. Erik gülläp, şetdalylar owadan gülleriniň ysyny ýaýradypdyr, agaçlar pyntyklapdyr, ýapraklapdyr. Garaz, oba durşy bilen ýaz hysyrdylaryna berlipdir. Türkmen obalary halkymyzyň özi ýaly sähraýy we giň. Olara syn etseň, ýüregiňde ýakymly duýgular oýanyp başlaýar. Obalaryň şeýle gözel tebigaty üýtgeşik sungat eserini ýadyňa salýar. Ýapdyr aryklaryň, güzerdir arnalaryň gyrasynda biten jümjümelerdir otlar tebigatyň çeken keşdesine meňzeýär. Hol aňyrrakda bolsa gujurly çopan ýigit ýar jemalyny ýatlap, aýdyma zowladýandyr. Hüşgär çopan iti bolsa her bir çybşylda eserdeň bolup üşerilýändir. Daýanykly, syrdam boýly gelin tamdyryna ot goýbermegiň aladasynda. Ol, megerem, ir bilen, Gün gyzmanka, çörek bişirmäge hyýallanan bolmaly. Hawa, men her gezek ýazda oba seýran edip, ine, şeýle ýakymly pursatlara duş gelýärin. Özem çaga ýaly begenýärin. Çünki şeýle owadan görnüşler çagalyk dünýäme garylyp-gatylyp geçip gidipdir.

Dursun TEKÄÝEWA,
žurnalist.