Dessançy zenan bagşy

25 Aprel 2021
1841

Mähriban Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda halypa bagşy-sazandalaryň birnäçesi barada gyzykly maglumatlar berilýär. Ol halypalaryň arasynda zenan bagşylaryň bolmagy has-da buýsandyrýar. Şolaryň içinde dessançy zenan bagşy Akjagül Myradowa barada aýdanymyzda, halypa bagşa ilkinji dessançy zenan bagşy diýsek hem öte geçdigimiz bolmaz. Bagşylaryň arasynda Akjagül bagşynyň ýoly diýdirip, öz aýratynlygyny zenan bagşylara ýol-ýörelge edip goýan halypa bagşy şu derejelere ýetmek üçin köp ýollary geçmeli bolupdyr. Ýaşajyk Akjagül ilkinji gezek Daşoguz welaýatynda çagalaryň arasynda geçirilen aýdym-saz ýaryşyna gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýär. Özüniň ýakymly we owadan owazy bilen ussat halypa Magtymguly Garlyýewiň gözüne ilýär. Şeýdibem, ýaşajyk zehinli bagşa Magtymguly Garlyýew halypalyk edip ugraýar. Magtymguly Garlyýew şol wagtlar teatrda bagşy-sazandalaryň toparyny döredipdi. Ol ýaş zehini şol döreden toparyna alýar. Akjagül ol ýerde ussat halypadan we onuň gyjakçysy Sapar Bekiýewden sapak alyp başlaýar. Akjagül halypalardan bagşyçylyk ýolundaky ilkinji tälimlerini alyp, gysga wagtyň içinde birnäçe aýdymlary öwrenip özleşdirýär. Ol soňra 1942—1946-njy ýyllarda mugallymçylyk edýär, öz işinden daşary mekdepde aýdym-saz gurnagyny döredip, höwesli ýaşlara aýdym öwredýär. 1946-njy ýyldan soň, Akjagül bütinleý aýdym-saza girişýär. Daşoguzda açylan täze teatra bagşy bolup işe girýär. Konsertlerde çykyş edip, halka özüni tanadyp başlaýar. Soňra Gubadag etrabynyň medeniýet öýünde çeper ýolbaşçy bolup işleýär.

Diňleýjiler Akjagül Myradowanyň aýdymlaryny höwes bilen diňläpdiler. Ol diňe halk aýdymlaryny däl, eýsem, mukamçy kompozitorlaryň döreden aýdymlaryny hem ussatlyk bilen ýerine ýetiripdi. Muňa «Bagynda», «Ýarap borka», «Pagtaçy gözel», «Zor oglan» ýaly aýdymlary mysal getirip bolar. Akjagül 1962-nji ýylda Daşoguzyň sazly-drama teatryna işe girýär we ömrüniň ahyryna çenli şol ýerde işleýär. Guýmagursak zehin diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, goňşy döwletlerde hem çykyş edip, özüni tanadan bagşylaryň biridir. 1961—1967-nji ýyllar aralygynda Türkmen döwlet filarmoniýasynda bagşy bolup işlän döwründe bolsa Pürli Saryýew, Sahy Jepbarow, Amangeldi Gönübekow, Gurbandurdy Jeňow, Oraz Saryýew, Ata Ablyýew, Garýagdy Alyýew ýaly tanymal bagşy-sazandalar bilen duşuşyp, olardan birnäçe aýdym-sazlary öwrenýär. Akjagül halypanyň ýerine ýetiren tirme aýdymlarynyň birnäçesiniň ýazgylary türkmen radiosynyň altyn hazynasynda saklanýar. Ýazgylarda, köplenç, Akjagül Myradowanyň ýanynda gyjakda Begjan Haljanow, Oraz Gurbannyýazow, dutarda Türkmenistanyň halk bagşysy Tüýli Otuzow dagylar sazandarlyk edipdirler. Akjagül Myradowa dessançy zenan bagşy hökmünde hem ýurdumyzda giňden tanalypdyr. Onuň il içinde aýdan dessanlary «Görogly» şadessanynyň «Bezirgen» şahasy, «Hüýrlukga—Hemra» dessanlarydyr. Biz hem bu sungaty ýaş nesle öwredip, halypa bagşylaryň ýoluny dowam etmekde zähmetimizi gaýgyrmarys. Halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmekde giň ýol açyp, bagşyçylyk sungatyna sarpa goýýan mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Güljemal ORAZOWA,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 5-nji çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy.