Zenan — öý-ojagyň mertebesi

26 Aprel 2021
1576

Watanymyzda mähriban gelin-gyzlarymyza sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak, edep-ekramyna, durmuş ýörelgelerine aýratyn söýgi we hormat bilen garamak müňýyllyklarymyzdan gözbaş alyp gaýdýan milli däp-dessurymyzdyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda günsaýyn gülleýän zamanamyzda öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy, durmuşymyzyň bezegi bolan zenanlarymyz asyrlardan-asyrlara, nesillerden nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirmek bilen, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda yhlasly zähmet çekýärler. Türkmen zenanlary eziz Watanymyzyň kuwwatynyň barha artmagynda özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Türkmen halkynyň kämilliginiň gözbaşynda nepisligiň hem-de gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen örän baý mirasy bar. Ata Watanymyza mynasyp nesli terbiýeläp ýetişdirmek zenanlarymyzyň esasy borçlarynyň biridir. Zähmetde we durmuşda uly üstünlikler gazanýan şeýle zenanlarymyza biz buýsanmaga we guwanmaga haklydyrys. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda zenanlarymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, yhlasly zähmet çekmegi, mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi üçin uly aladalar edilýär. Çünki zenan durmuşyň gülüdir. Görki güle çalymdaş gelin-gyzlarymyz ýaşaýşy gözellik hem-de mylaýymlyk bilen bezeýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden kemal tapan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda her bir ynsan üçin enäniň mukaddesdigi barada giňişleýin maglumat berilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat eje türkmen zenanlaryna nusgalyk mekdepdir. Türkmen zenanlary ähli döwürlerde aýratyn mähir bilen, söýgi bilen gurşalandyr. Bu günki gün Watanymyzda türkmen zenanynyň başarnygyna, ukybyna uly baha berilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen zenanlary döwür bilen aýakdaş barýar. Häzirki wagtda türkmen zenany döwletimiziň ähli ulgamlarynda halal zähmet çekýärler. Döwlet jemgyýetçilik ösüşini amala aşyrmagyň ähli ugurlarynda zenanlaryň işjeň orny bar. Aýal-gyzlarymyza jemgyýetde öz mynasyp ornuna eýe bolmaga, döwlet işlerinde jogapkärli wezipeleri alyp barmaga, giň demokratik esaslarda saýlawlara gatnaşmaga, saýlamaga we saýlanmaga, intellektual ulgamlarda öz döredijiligini ösdürmäge doly mümkinçilikler döredilen we şeýle hukuklar kanun esasynda berkidilen. Türkmen zenanlary özleri babatda döredilýän ähli şertdir mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyny hemişe alkyşlara besleýärler.

Ene — ýaşaýşyň gözbaşy, ynsan kalbynyň öçmejek nury. Ene görüm-görelde mekdebidir. Biz eneleriň mähri bilen dünýä inip, ene söýgüsi bilen kemala gelýäris. Eneler terbiýe babatda maşgalanyň, öý-ojagyň gönezligi hasaplanýar.

Çemen KÖNÄÝEWA,
TDP-niň Ak bugdaý etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.