Milli gymmatlyklarymyzyň waspy

26 Aprel 2021
1268

Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler  arkalaşyklarynyň Serdar şäher birleşmesi şäheriň çagalar çeperçilik mekdebi bilen bilelikde «Joş urup döretse suratkeş şekili — baky galkynar ynsanyň köňli» atly döredijilik bäsleşigini geçirdi.

Çagalar çeperçilik mekdebiniň sergiler jaýynda guralan bu bäsleşik sergisine ýaş aýratynlygyna garamazdan dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän, döredijilik bilen meşgullanýan işgärler şekillendiriş sungatynyň nakgaş, miniatýura, grafika, heýkel, amaly-haşam (haly, gobelen, zergär, keramika we beýlekiler) ugurlary boýunça döreden eserleri bilen gatnaşdylar. Şekillendiriş sungatyna höwesli zehinleri ýüze çykarmagy maksat edinen bäsleşikde görkezilen miniatýura eserleri, eýlenen deriniň ýüzündäki atyň we türkmen alabaýynyň keşpleri, olaryň kiçi göwrümli heýkelleri sergä syn etmäge gelenlerde ýakymly täsirleri galdyrdy. Suw kädisinde atyň keşbi haşamlanyp ýerine ýetirilipdir. Mundan başga-da, halkymyzyň uçar ganatyna deňelýän behişdi bedewleriň, wepaly, gaýduwsyz alabaýlaryň türkmen tebigatynyň gözelligi bilen sazlaşykda waspy ýetirilen eserler hödürlendi.

Şatlyk TAGYÝEW,
Serdar şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy, şäher medeniýet bölüminiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy. Surata düşüren Nurmuhammet Ýolamanow.