HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny HHR-iň jar edilen güni bilen gutlady

Aşgabat 30-njy sentýabr(TDH). Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýana hem-de dostlukly ýurduň halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 16-njy sentýabrda eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Köpetdag şaýolunyň ugrunda bina edilen täze Döwlet münberiniň toplumy açyldy.

Türkmenistanyň täze çemeleşmeleri

Watana wepalylygyň belent nusgasy

28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň hormatyna guralan dabaralaryň çäklerinde, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny gowşurmak, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasyna gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimize «Türkmen edermen» medaly hem-de «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly ýubileý medaly gowşuryldy. Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly senesiniň giň gerimli dabaralar bilen bellenilendigini aýdyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryny hem-de dabaraly ýörişe gatnaşan harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli şahsy düzümini dabaraly ýörişiň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Beýik geljegiň röwşen ýoly

Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 25-nji sentýabrynda paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp mazmun bilen baýlaşdyrdy. Bu iri çäre döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda iň şanly wakalaryň biri hökmünde taryha ýazyldy. Şöhratly ata-babalarymyzyň wesýet eden milli halk häkimiýetlilik ýörelgelerini dowam etdirmegiň kämil nusgasyny görkezen bu forumda ata Watanymyzda özbaşdaklyk ýyllary içinde gazanylan netijeler jemlenildi, durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Maksat ANNABERDIÝEW, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň müdiri, 1-nji derejeli ýurist:

Türkmenistanyň raýaty bolmak bagty

Eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda çuňňur ynsanperwerlige ýugrulan parahatçylyksöýüjilikli halkara başlangyçlar giň gerime eýe bolýar. Halkara gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna doly hukukly we işjeň gatnaşýan Türkmenistan hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda özara ynanyşmagy berkitmegiň, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine netijeli gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda migrasiýa meseleleri, bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine hem ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde garalýar. Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde ilkinjileriň hatarynda raýatsyzlyk baradaky esasy Konwensiýalara, ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň «Apatridleriň derejesi hakynda», «Bosgunlaryň hukuk ýagdaýy hakynda» we «Raýatsyzlygy azaltmak hakynda» Konwensiýalaryna goşulyp, olardaky kadalary milli kanunçylyga, ýagny «Bosgunlar hakynda», «Migrasiýa hakynda», «Türkmenistanyň raýatlygy hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryna ornaşdyrdy. Munuň özi ýurdumyzyň migrasiýa ulgamynyň hukuk binýadyny has-da berkitdi.

Buýsanjymyň gözbaşy

Garaşsyzlyk baýramy ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ähli ugurlarda ýeten sepgitlerini bütin aýdyňlygy bilen açyp görkezýän baýramçylykdyr. Baýram günleri ýaýbaňlandyrylan toý-dabaralaryň çäklerinde Watanymyzyň ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşan ildeşlerimiziň köp sanlysyna hormatly atlary dakmak, döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabaralary boldy. Şolaryň hatarynda, hormatly Belent Serkerdebaşymyz halal we yhlasly zähmet çekýän, ýaşlaryň ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk, mertlik hem-de halallyk ruhunda terbiýelenmeginde görelde bolýan birnäçe harby gullukçylary hem serpaýlady. Milli Liderimiz harby gullukçylaryň ata Watanymyzyň asudalygyny, halkymyzyň parahatçylygyny üpjün etmekde alyp barýan işlerine mynasyp baha berýär. Olaryň arasyndan Watanymyzyň howpsuzlygyny pugtalandyrmakda çekýän arassa, halal zähmeti hem-de taýsyz yhlasy bilen tapawutlananlara döwlet sylaglarynyň berilmegi, harby atlaryň dakylmagy bilen yzygiderli höweslendirilýär. Ynha, bu ýyl hem Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda gulluk işinde tapawutlanyp, göreldeli gulluk eden harby gullukçylarymyzyň birnäçesine döwlet sylaglary, medallar gowşuryldy we ýokary derejeli harby atlar dakyldy. Bu şanly g

Watandan başlanýan gözellik

Ýyllaryň biri-birinden parhly bolşy ýaly, her täze okuw ýyly hem täsirli wakalar bilen başlanyp, hakydalarda galýar. Asly käri mugallym bolan ynsanlar üçin-ä ol taryhy günüň täsirleri uzak wagtlap ýatdan çykmaýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 1-nji sentýabry diňe okuwçylardyr talyplar, bilim işgärleri üçin däl, eýsem, biziň hemmämiz üçin hem ýatdan çykmajak taryhy gün boldy. Ol gün paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny berdi. 1-nji sentýabr. Täze okuw ýylynyň ilkinji güni. Sen okuwçy bol, ene-ata ýa-da mugallym, tapawudy ýok, islendik hünärli ynsan üçin şol günüň süýjüje hysyrdysy ýakymlydyr. Her bir döwletli ojakda ýaş nesiller öz mähribanlary bilen täze okuw ýylynyň ilkinji gününe sabyrsyzlyk bilen garaşyp, eginlerindäki täp-täzeje okuwçy eşiklerine guwanyp, mekdebe sary ugur alýarlar. Şol gün tomus dynç alyşdan soň mugallymlar ýene-de öz mähriban okuwçylary bilen didarlaşýarlar. Dostlar, joralar ýene-de biri-birine gowuşýarlar. Mekdep — bu uly dünýäniň gapysy. Onda terbiýelenýän ýaş nesiller mukaddes bilim ojagyndan ýetdik paýyny alyp, durmuşa gadam goýýarlar. Şonuň ü

Halk Maslahaty — beýik işlere badalga

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň taryhynda Halk Maslahaty diýen düşünjäniň ýörgünli bolandygyny hemmämiz bilýäris. Halk Maslahaty Berkarar döwletimizi berkitmegiň berk binýatlaryny döretmegiň iň esasy syýasy-jemgyýetçilik gurallarynyň birine öwrüldi. Milli demokratiýanyň ýurduň syýasy durmuşynda möhüm hereketlendiriji güýje öwrülmeginde Halk Maslahatynyň mejlisleriniň aýratyn orny bardyr. 2020-nji ýylda geçirilen konstitusion özgertme netijesinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk derejesi özgerdilip, bu umumymilli forum döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamyna goşuldy. Esasy Kanunymyzyň 2020-nji ýylda kabul edilen rejelenen görnüşiniň 66-njy maddasynda: «Türkmenistanda ýokary döwlet häkimiýetini Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşi (Halk Maslahaty we Mejlis), Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Ýokary Kazyýeti amala aşyrýarlar» diýlip kesgitlenildi. Ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Kostitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksine laýyklykda, şeýle hem Halk Maslahatynyň karary esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi.