Watandan başlanýan gözellik

30 Sentýabr 2021
898

Ýyllaryň biri-birinden parhly bolşy ýaly, her täze okuw ýyly hem täsirli wakalar bilen başlanyp, hakydalarda galýar. Asly käri mugallym bolan ynsanlar üçin-ä ol taryhy günüň täsirleri uzak wagtlap ýatdan çykmaýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 1-nji sentýabry diňe okuwçylardyr talyplar, bilim işgärleri üçin däl, eýsem, biziň hemmämiz üçin hem ýatdan çykmajak taryhy gün boldy. Ol gün paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny berdi.

1-nji sentýabr. Täze okuw ýylynyň ilkinji güni. Sen okuwçy bol, ene-ata ýa-da mugallym, tapawudy ýok, islendik hünärli ynsan üçin şol günüň süýjüje hysyrdysy ýakymlydyr. Her bir döwletli ojakda ýaş nesiller öz mähribanlary bilen täze okuw ýylynyň ilkinji gününe sabyrsyzlyk bilen garaşyp, eginlerindäki täp-täzeje okuwçy eşiklerine guwanyp, mekdebe sary ugur alýarlar. Şol gün tomus dynç alyşdan soň mugallymlar ýene-de öz mähriban okuwçylary bilen didarlaşýarlar. Dostlar, joralar ýene-de biri-birine gowuşýarlar. Mekdep — bu uly dünýäniň gapysy. Onda terbiýelenýän ýaş nesiller mukaddes bilim ojagyndan ýetdik paýyny alyp, durmuşa gadam goýýarlar. Şonuň üçin hem mekdep her bir ynsanyň kalbynda mukaddeslik derejesinde görlüp, oňa islendik ýaşdaky adamlar tagzym edýärler. Mekdep ýyllary ynsanyň iň ajaýyp, ýaşlygynyň gülläp, gül açýan döwrüne gabat gelýär. Şol ýyllarda bolup geçen wakalar ynsan hakydasynda daşa ýazylan ýaly bolup, hiç wagt öçmeýär.

Maýsa TAÝJYKOWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar