Watan bilen beýgelýändir mertebe

29 Sentýabr 2021
837

28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaralaryň çäklerinde, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasyna gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimize «Türkmen edermen» medaly hem-de «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly ýubileý medaly gowşuryldy.

Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, düýn hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly senesiniň giň gerimli dabaralar bilen bellenilendigini aýtdy. Döwlet münberiniň häzirkizaman toplumynyň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzüminiň harby ýörişi geçirildi.

Beýleki habarlar