Bagtyýarlyk döwrüniň belent sarpasy

29 Sentýabr 2021
741

27-nji sentýabrda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda beýik taryhy wakany — Watanymyzyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagyny şöhlelendirýän Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Ir säheriň güneşli howasynda has-da gözel görünýän Garaşsyzlyk binasynyň töweregindäki meýdança aşgabatlylaryň müňlerçesi ýygnandy. Ýygnananlaryň hatarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen daşary ýurtly myhmanlar hem bar.

Beýleki habarlar