Buýsanjymyň gözbaşy

30 Sentýabr 2021
792

Garaşsyzlyk baýramy ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ähli ugurlarda ýeten sepgitlerini bütin aýdyňlygy bilen açyp görkezýän baýramçylykdyr. Baýram günleri ýaýbaňlandyrylan toý-dabaralaryň çäklerinde Watanymyzyň ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşan ildeşlerimiziň köp sanlysyna hormatly atlary dakmak, döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabaralary boldy. Şolaryň hatarynda, hormatly Belent Serkerdebaşymyz halal we yhlasly zähmet çekýän, ýaşlaryň ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk, mertlik hem-de halallyk ruhunda terbiýelenmeginde görelde bolýan birnäçe harby gullukçylary hem serpaýlady. Milli Liderimiz harby gullukçylaryň ata Watanymyzyň asudalygyny, halkymyzyň parahatçylygyny üpjün etmekde alyp barýan işlerine mynasyp baha berýär. Olaryň arasyndan Watanymyzyň howpsuzlygyny pugtalandyrmakda çekýän arassa, halal zähmeti hem-de taýsyz yhlasy bilen tapawutlananlara döwlet sylaglarynyň berilmegi, harby atlaryň dakylmagy bilen yzygiderli höweslendirilýär.

Ynha, bu ýyl hem Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda gulluk işinde tapawutlanyp, göreldeli gulluk eden harby gullukçylarymyzyň birnäçesine döwlet sylaglary, medallar gowşuryldy we ýokary derejeli harby atlar dakyldy. Bu şanly günlerde meniň hem «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanmagym işe bolan jogapkärçiligimi has-da artdyrdy. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bize bildiren uly ynamyny ödemek üçin mundan beýläk hem bar yhlasymyzy, gujur-gaýratymyzy gaýgyrman, hormatly Prezidentimize, merdana halkymyza, eziz Watanymyza ak ýürekden wepaly gulluk etjekdigimize ynandyrýarys.

 Myrat KULYÝEW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Mary welaýat müdirliginiň müdiriniň orunbasary, uly döwlet bellige alyjysy, 1-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar