Halk Maslahaty — beýik işlere badalga

30 Sentýabr 2021
1087

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň taryhynda Halk Maslahaty diýen düşünjäniň ýörgünli bolandygyny hemmämiz bilýäris. Halk Maslahaty Berkarar döwletimizi berkitmegiň berk binýatlaryny döretmegiň iň esasy syýasy-jemgyýetçilik gurallarynyň birine öwrüldi. Milli demokratiýanyň ýurduň syýasy durmuşynda möhüm hereketlendiriji güýje öwrülmeginde Halk Maslahatynyň mejlisleriniň aýratyn orny bardyr.

2020-nji ýylda geçirilen konstitusion özgertme netijesinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk derejesi özgerdilip, bu umumymilli forum döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamyna goşuldy. Esasy Kanunymyzyň 2020-nji ýylda kabul edilen rejelenen görnüşiniň 66-njy maddasynda: «Türkmenistanda ýokary döwlet häkimiýetini Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşi (Halk Maslahaty we Mejlis), Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Ýokary Kazyýeti amala aşyrýarlar» diýlip kesgitlenildi. Ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Kostitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksine laýyklykda, şeýle hem Halk Maslahatynyň karary esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi.

Amanbibi MUHAMMEDOWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar