Watana wepalylygyň belent nusgasy

30 Sentýabr 2021
946

28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň hormatyna guralan dabaralaryň çäklerinde, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny gowşurmak, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasyna gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimize «Türkmen edermen» medaly hem-de «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly ýubileý medaly gowşuryldy.

Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly senesiniň giň gerimli dabaralar bilen bellenilendigini aýdyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryny hem-de dabaraly ýörişe gatnaşan harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli şahsy düzümini dabaraly ýörişiň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar