Türkmenistanyň täze çemeleşmeleri

30 Sentýabr 2021
829

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşen BMG-niň Ştab-kwartirasynda açylan 76-njy mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyş etdi. 2021-nji ýylda döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellän Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde strategik häsiýete eýe bolan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi ugur edinýändigini iş ýüzünde tassyklaýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň gün tertibinde halkara gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan meseleleriň giň topary bar. Esasy temalaryň hatarynda bolsa, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki zamanyň ählumumy wehimlerine we howplaryna garşy hereket etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ekologiýa we beýleki meseleler durýar. Pandemiýa garşy göreşmek hem-de netijeli köptaraplaýyn usullary işläp düzmek arkaly onuň täsirlerini ýeňip geçmek meselesine aýratyn üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny we anyk başlangyçlaryny beýan etdi (döwlet Baştutanymyzyň çykyşy gazetiň şu sanynda çap edilýär). Häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça has kabul ederlikli çözgütleri gözläp tapmak hem-de ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine netijeli gatnaşyklary ösdürmekde tagallalary birleşdirmek şol başlangyçlaryň esasy maksadydyr. Milli Liderimiz çykyşynyň ahyrynda Türkmenistan üçin Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň strategik ileri tutulýan ugur, dünýägaraýşymyz, halkara giňişliginde alyp barýan ähli işlerimiziň möhüm binýady bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.

Beýleki habarlar