Döwlet sylaglary gowşuryldy

29 Sentýabr 2021
792

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji sentýabrda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaralaryň çäklerinde, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasyna gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimize «Türkmen edermen» medaly hem-de «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly ýubileý medaly gowşuryldy.

Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly senesiniň giň gerimli dabaralar bilen bellenilendigini aýtdy.

«Watan».
Beýleki habarlar