"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Arkalaşyp aşylýan ýyllar nurludyr

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 25-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Russiýanyň möhüm ykdysady, ylmy we medeni merkezi bolan Sankt-Peterburg şäherindäki «Igora» gyşky sport oýunlary toplumynyň Buzly köşgüne bardy. Ol ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. Soňra Olimpiýa zalynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçirildi. Onuň dowamynda şu ýyl Arkalaşygyň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredildi, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de geljek üçin wezipeler kesgitlenildi. Ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn görkezijileri kanagatlanma bilen bellenildi. Şeýle hem sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Arkalaşygyň ýurtlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydyklary nygtaldy. Şu gezekki duşuşyk hem GDA ýurtlarynyň netijeli hyzmatdaşlygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze derejä çykarmagy maksat edinýändikleriniň nobatdaky güwäsidir.

Bilelikdäki ösüşlere täze badalga

Obany ýa-da şäheri wasp edip görensiňiz. Ýyldyzly gijäni ýa-da säheri wasp edip görensiňiz. Güýzi ýa-da bahary wasp edip görensiňiz. Ýöne bularyň hiç biri Watany wasp etmek ýaly datly, lezzetli däldir. Her kim bir zatdan ylham alýar. Biziň ylham çeşmämiz — Watana bolan yşkymyz. Dünýäniň dört künjünde, ýedi yklymynda eziz ýurdumyzyň adyna aýdylýan, şanyna ýaňlanýan hoşamaý jümleler jümle-jahanyň jemalyny özünde jemleýän gudrat deýin täsirli. Ýaňy-ýakynda bir döwletli nesibe bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Malaýziýa döwletine ilkinji resmi saparynyň düzüminde bolmak bagty miýesser etdi. Bizden ýüzlerçe menzil uzaklykda ýerleşen, ekwatory erňekläp oturan Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäheri Gündogaryň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biri. Şäheriň adynyň «Läbik çaý» ýa-da «Batgalyk kenar» ýaly manylarynyň bardygyna garamazdan, bu wagt bu şäher özüniň syýahatçylyk, işewürlik we ykdysady mümkinçilikleri bilen dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Aslynda, her birimiziň aňymyzda bir ýer ýa-da bir söz barada nähilidir bir ornap galan düşünje bar. Her gezek şol söz agzalanda ilki bilen şony ýatladýan we aňladýan düşünjelerimiz ör-boýuna galýar. Malaýziýa diýlende gür tokaýlyklara basyrnyp oturan, ajaýyp tebigatly, dag-dereli, çeş- me-çaýly, aýlaglary, şypahanalary, taryhy mesgenleri hem-de häzirki zaman şäherleri bilen adygan, syýahatçylygyň merk

Durmuşymyzyň abadançylygy

«Döwlet adam üçindir!» diýen beýik ýörelgäni esaslandyryp, ýurdumyzyň eşretli durmuşyny üpjün edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary bilen döwrümizi kämilleşdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary netijesinde Diýarymyzyň her bir güni ajaýyp wakalara beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dekabr aýynyň başynda Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň çäklerinde guralan sammitine gatnaşdy. Bu sammit suwdan durnukly peýdalanmagy gazanmak, suw üpjünçiligini gowulandyrmak we howanyň üýtgemeginiň suw serişdelerine ýetirýän oňaýsyz täsirlerini azaltmak babatda dünýäniň dürli sebitlerinden gatnaşýan döwlet, hususy we jemgyýetçilik düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edindi. Ol suw dolanyşygynyň durnuklylygy, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, suw, azyk we energiýa hyzmatdaşlygy, tehnologiýa we innowasiýa, halkara hyzmatdaşlyk we maliýe meseleleri ýaly bäş ugry öz içine aldy.

Saglyk — baş baýlyk

Döwrebap lukmançylyk desgalaryny gurmak, kämil derejede enjamlaşdyrmak we ýokary hünärli lukmanlary taýýarlamak milli saglygy goraýyş syýasatynyň möhüm wezipeleridir. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda her bir raýatyň saglygynyň berkidilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Lukman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň lukmançylyk merkezlerine häzirki zamanyň sanly tehnologiýalary we dünýäniň ösen tejribesi işjeň ornaşdyrylýar. 25-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Hormatly Arkadagymyz bu ýerde ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk toplumynyň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygy babatda bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigini, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň uzak möhletleýinlik, berklik şertlerini özünde jemlemelidigini aýtdy.

Taryhy we ruhy hazynanyň eýeleri

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyza ägirt medeni we ykdysady ösüşleri getiren 2024-nji ýyl iň şöhratly ýyllaryň biri bolup taryha girýär. Şygaryna Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne şygrynyň ady goýlan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda bütin dünýäde umumadamzat bähbitli beýik işleriň ençemesi durmuşa geçirildi, ençemesine-de badalga berildi. Dünýäniň 86 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamany kabul etmegi ýurdumyzyň adamzadyň ýagty geljeginiň hatyrasyna amala aşyrýan beýik işleriniň ykrary bolup  jahana ýaýyldy. Bu ajaýyp ýylda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp eseri  beýik ösüşlerimiziň çuň mazmunyna düşünmekde gymmatly gollanma boldy. Alym Arkadagymyzyň dürdäne eserleriniň dowamy bolan bu ajaýyp kitap giň okyjylar köpçüligi bilen birlikde, talyplyga gadam basan ýaşlar üçin has ähmiýetlidir. Çünki talyp bolup professor-mugallymlarymyzyň Milli Liderimiziň bu ajaýyp eseriniň many-mazmunyny açýan sapaklaryna gatnaşmak ýaşlarda şöhratly taryhymyza bolan buýsanjy ösdürýär. Alym Arkadagymyzyň ajaýyp eserindäki: «Bu gadym

Kämilligiň döwrebap daýanjy

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini häzirki zaman ülňülerine laýyk ilerletmekde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünleriniň we ylym  çygryna degişli kanunçylygyň ähmiýeti uludyr. Esasy Kanunymyzyň ylym çygryna degişli ýolgörkeziji düzgünleriniň ösüşi «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda» hem-de «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda öz beýanyny tapýar.

Raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda raýatlarymyzyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi kanuny esaslarda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 54-nji maddasynda raýatlaryň ýaşy boýunça, näsaglan, maýyp bolan, işe ukyplylygyny, ekleýjisini ýitiren, işsiz bolan halatynda we gaýry kanuny esaslar boýunça durmuş üpjünçiligine bolan hukuklary kepillendirilýär. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda ýaş maşgalalara, köp çagaly maşgalalara, ata-enesinden mahrum bolan çagalara, weteranlara döwletiň ýa-da jemgyýetiň serişdelerinden goşmaça goldaw we ýeňillikler berilýär. Raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmegi, döwletiň durmuş  syýasatynyň esasy ugry hasaplanylýar. Bu bolsa, ilkinji nobatda, gürrüňi edilýän çygryň hukuk kepillikleriniň kämilleşdirilmeginiň üsti bilen amala aşyrylýar.

Bagtyýarlygyň şuglasy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bagtyýar türkmen halkymyz ýagşy arzuw-umytlar bilen Täze — 2025-nji ýyla uly joşgun bilen gadam basýar. Baýramçylyk ruhy Diýarymyzyň ähli künjeklerinde aýdyň duýulýar. Tamamlanyp barýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly  diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň ýatda galyjy wakalara baý bolandygyny aýratyn bellemelidiris. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan edilmegi, şeýle hem şahyryň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi beýik söz ussadynyň döredijiliginiň umumadamzat gymmatlygydygyna doly şaýatlyk edýär. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna hem goşuldy. Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ägirt uly heýkeliniň açylmagy bolsa beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Innowasiýanyň we ekologiýanyň sazlaşygynyň nyşany

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmeklige gönükdirilen toplumlaýyn işler, bu günki gün özüniň datly miwelerini berip, eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän daşky gurşawy gorap saklamaga, ilatyň ekologik abadançylygyny ýokary derejede üpjün etmeklige gönükdirilen döwlet syýasaty bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. 2024-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport merkeziniň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýerine baryp, onuň taslamalary bilen tanyşmagy hem-de toplumyň gurluşygy babatda özüniň gymmatly maslahatlaryny bermegi awtomobil sportuny söýüjiler, türgenler üçin ýatdan çykmajak waka boldy.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Batyr HANKULYÝEW,Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor: — Gahryman Arkadagymyzyň adam hakyndaky aladany esasy ugur edinýän asylly başlangyçlary hemişe uly goldawa eýe bolýar. Biz bu hakykata Milli Liderimiziň Awtomobil sport toplumynyň täze guruljak binalar toplumynyň taslamasy bilen tanyşmaga baran pursatlarynda nobatdaky gezek göz ýetirdik. Ol ýerde Gahryman Arkadagymyz birnäçe oňyn teklipleri öňe sürdi. Alym Arkadagymyz sport toplumynyň bina ediljek ýerinden aýrylýan arassa ak çägeleriň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan çagalar baglarynyň, sebitlerdäki çagalar meýdançalarynyň zerurlyklary üçin ulanylmagynyň, şeýle-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda golf meýdançasyny gurmak boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiziň yhlasly tagallalary raýatlarymyzyň bagtyýar şu gününi, eşretli ertirlerini nazarlaýar.

Akyldar — paýhaslaryň hazynasy

XVIII asyrda ýaşap geçen söz ussady, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen edebiýatynyň taryhynda öz döwrüniň we soňky asyrlaryň şygryýetine ägirt uly täsir ýetirenligi bilen aýratyn orun eýeleýär. Pyragynyň şygyrlary türkmen halkyny ruhy galkynyşa çagyrýandygy bilen hemişelik hormata mynasyp boldy. Şahyr söze uly sarpa goýýar we edil şeýle derejede sarpa goýulmagyň hemmeler üçin zerurdygyny nygtaýar.

Täze ýyl, gel, garaşýarys!

Gel, küýselýän myhmandansyň, ornuň gözleň üstündedir,Mübärek gadamyň alna sylasy gelýär adamlaň.Biz — aşyk biz, a sen bolsa misli magşuk kysmyndasyň,Seniň bilen has bagtyýar bolasy gelýär adamlaň. «Hakyda göwheri» — baýlyk. Senem sakçysy hazynaň,Guýrugyňdan basmarys biz. Basanlar özüni gynar.Seniň hazynadardygňa, elbetde, düşüner synan,Halal zähmet bilen has baý bolasy gelýär adamlaň.

Baýramçylyk arzuwlary

Hoş geldiň, Täze ýyl eziz Diýara,Ilime berjegiň gowulyk bolsun.Ähli pasyllaryň bahara meňzäp,Her öýe aýdym-saz hem şatlyk dolsun. Zürýatsyz maşgalaň perzendi bolup,Ýatyrmasyn sallançagyň badyny.Ogul atasynyň yzyn göterip,Alawlatsyn ojagynyň oduny.

Gyş paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar

Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly. Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň arassa bolmagyny gazanmaly. Otagda guradylan üzärlik tütetmeli we çygly arassalaýyş işlerini yzygiderli geçirip durmaly.

Täze ýylyň bosagasynda

Täze ýylyň has bagtly gelmegine garaşyp, biz süýjüden-süýji arzuw edýäris. Dünýäde adamlaryň iň köp arzuw edýän güni, megerem, Täze ýylyň baýramçylyk güni bolsa gerek. Täze ýylda arzuw etmek il içinde däbe öwrülipdir. Bu bagtly pursatlary paýlaşmak üçin biz biri-birimiziň öýlerimize myhmançylyga barýarys. Birek-biregi dürli sowgatlar bilen gutlaýarys. Eýsem, täze ýylda arzuw etmek däbi nirede, haçan döredikä? Ilkinji täze ýyly bellemek däbi nireden geldikä? Geliň,  taryha ýüzleneliň! Täze ýyl baýramçylygyny bellemegiň taryhy gadym döwürlerden başlaýar. Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilendigi baradaky ilkinji tapylan subutnamalar miladydan öňki III müňýyllyga degişlidir. Ýöne taryhçylar bu baýramy ondan hem has irki baýram diýip hasaplaýarlar.

Käbäme sowgat

(Şahyrana oýlanma) Salam, eje! Galamy elime alan ilkinji günümden sen hakda ýazyp başlasym geldi. Sebäbi sen meni bu asuda, parahat dünýä indiren mähriban ynsan. Ömür örküm, dünýä görküm sen. Alys ýola ugramda, ýoluma intizar gözleriň bilen garap oturýarsyň. Dertli günüm dertdeşim, şirin duýgularyma syrdaşym sen, käbäm! Käbäm, meniň saňa meňzäsim gelýär! Käwagtlar oturyp tikin tikýärin, soňam nahar bişirýärin.

Sekiz zat

Akyldarlaryň birinden: «Wajyp we has wajyp, täsin we has täsin, agyr we has agyr, ýakyn we has ýakyn zatlar näme?» diýip sorapdyrlar. Akyldar olara şeýle jogap beripdir: «Ýazygyňa dessine ökünmek we toba etmek wajyp, emma ýaramaz işlerden, oňlanylmaýan hereketlerden gaça durmak, çetleşmek has wajyp. Wagtyň juda çalt geçýändigi  täsin,  ýöne  ynsanyň  muňa  asla  ähmiýet  bermeýändigi, gapyl galýandygy has täsin. Kyn günlerde sabyr etmek agyr, emma  ondan  gazanjak  sogabyňy  zeýrenç  arkaly  ýele  gidirmek, ýitirmek has agyr. Umyt edýän her bir zadyň ýakyn, emma duýup bilýän adam üçin olara eltýän ynam olardan-da has ýakyn».

Nurana bezegli arçalar

Däp bolup gelýän Täze ýyl baýramçylygy bosagada. Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk toý arçasyny bezemekden we ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmekden başlanýar: — Täze ýyl arçasynyň hakyky ýa-da emeli arçadygyna garamazdan, agaçdan ýa-da demirden edilen esasyň üstünde berkidilip oturdylmalydyr;

Türkmenistan — Malaýziýa: ygtybarly hyzmatdaşlygyň röwşen sahypasy

Milli Liderimiziň halkymyzyň eşretli ertirlerini nazarlaýan oňyn başlangyçlary, bütin adamzadyň bähbidine gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasaty bu günki gün hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz tagallalarynyň netijesinde halkara abraýy barha artýan eziz Diýarymyz dünýäde dost-doganlyk mekany, ylalaşdyryjy merkez hem-de ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Dostlukly ýurtlar bilen pugtalandyrylýan diplomatik gatnaşyklaryň taryhyna nazar aýlanyňda hem bu hakykata aýdyň göz ýetirýärsiň. Eziz Watanymyzyň özygtyýarly ösüş ýoluna düşen döwründen bäri Malaýziýa bilen ygtybarly hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dostlukly ýurda 18-nji dekabrda başlanan resmi sapary hoşniýetli gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açdy. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisi bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Malaýziýa bu sebitde ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşy bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň 2011-nji ýylyň dekabr aýynda dostlukly ýurda amala aşyran döwlet sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga berdi.  Şeýle hem Malaýziýanyň premýer-m

Sarpaly dostluga serpaý

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň dekabrynda çap edilen «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly dürdäne eseri Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda ýapon diline terjime edildi. Bu baradaky hoş habar her birimiziň  göwnümizi ganatlandyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň kitabynyň dünýä dillerine terjime edilmegi bu eseriň bütin adamzat üçin ähmiýetlidigini alamatlandyrýan şanly wakadyr. 18-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ajaýyp kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösüşinde nobatdaky möhüm ähmiýetli wakadyr.