"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Zenanlara nusgalyk görelde

Hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň bejeren kürtesiniň, şeýle-de öz eli bilen ören jorabynyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurylmagy ildeşlerimizde egsilmez şatlyk duýgusyny we gyzyklanmany döretdi. Şol ajaýyp wakanyň şanyna şu günler welaýatlarda dabaraly maslahatlar geçirilip, olarda halkymyzyň köpasyrlyk däpleriniň aýawly saklanmagyna, baýlaşdyrylmagyna uly goşant goşan Ogulabat ejäniň nusgalyk göreldesi barada täsirli söhbet edilmegi şanly toýuň öňüsyrasyndaky günlere özboluşly öwüşgin çaýdy. Ahal welaýatynyň Änew şäherinde ýerleşýän Milli «Ak bugdaý» muzeýinde, şeýle hem Gökdepe etrabynyň Babarap obasynyň Toý mekanynda geçirilen dabaralar «Ýürek mähri siňen sungat» diýlip atlandyryldy. Oňa gatnaşyjylar Ogulabat eje tarapyndan mundan ýarym asyr ozal, has takygy, 1971-nji ýylda bejerilen kürtäniň uly gymmatlyk bolup durýandygyny, bu kürtäniň «gyýak», «okgözi», «içýan agyz», «tazy guýruk» nagyşlary bilen bezelmeginiň onuň gymmatyny has-da artdyrýandygyny, muzeýe sowgat edilen el işleriniň naýbaşysy hökmünde oňa gelýänlerde uly gyzyklanma döretjekdigini uly buýsanç bilen bellediler.

Ak şäheriň şanly toýy

Ak mermerli Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy ýurdumyzda giňden bellenilýär. Bu şanly senä bagyşlanylyp guralýan dabaralar güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde uly ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilýär. “Arkadagyň ak şäheri” adyny alan gözel paýtagtymyzyň 140 ýyllyk toýunyň hormatly Prezidentimiziň goldamagy bilen “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan ýyla gabat gelmeginde hem örän uly many bar. Bu günki gün Aşgabat döwletleriň, halklaryň arasynda parahatçylygy saklamak we pugtalandyrmak, dost-doganlyk, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan halkara syýasatyny yzygiderli alyp barýan ylalaşdyryjy merkez hökmünde bütin dünýäde ykrar edilýär.

Döwletiň iň ýokary gymmatlygy

Esasy Kanunymyzda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýlip bellenilýär. Ýurdumyzyň milli kanunçylygynda berkidilen bu ýörelge häzirki wagtda döwletimizde adamlaryň hukuk goraglylygyny üpjün etmek arkaly durmuşa geçirilýär. Bu ugurda kanunçylygyň halkara tejribesine laýyklykda has-da kämilleşdirilmegi Türkmenistanyň adam hukuklary berkarar edilen ýurt hökmünde ykrar edilmegine ýardam berýär. Muňa 19-njy maýda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» ýerine ýetirilmegine bagyşlanan maslahatyň geçirilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Maslahata Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Oňa halkara guramalaryň ýurdumyzda işleýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem çagyryldy. Forumda 16-njy aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Onuň çäklerinde agzalan resminamany we ýerine ýetirilmeli wezipeleri durmuşa geçirmek bilen b

Dilewarlyk sungaty (Kämillige tarap)

Dilewar adamlary Ýewropa ýurtlarynda «orator» diýip atlandyrýarlar. «Orator» latyn sözi bolup, geplemegi, gepleýän adamy aňladýar. Sözüň hakyky manysynda, ol «märekäniň öňünde çykyş etmegi başarýan adam» diýmekdir. Dilewaryň sözi çeperçilik taýdan işlenen adaty söz bolup, diňleýjilere güýçli täsirini ýetirýär. Dilewar ýöne gepleýän adam däl-de, märekä ýüzlenmek bilen haýsydyr bir durmuşy wezipäni ýerine ýetirýän adamdyr. Dilewarlyk jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda — ýygnaklarda, gurultaýlarda, maslahatlarda, köpçülige ýolbaşçylyk etmekde we syýasy iş geçirmekde, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan köpçülige öz pikirlerini, ylmy garaýyşlaryny beýan etmekde, mugallymçylyk işinde, teleradiogepleşiklerde we beýleki ýerlerde ulanylýar.

Syntgylanan setirler

■ Demriň gyryndysy-da demir. ■ Hakykaty aýdýan aýdan zatlaryny ýadyna salmak üçin kynçylyk çekmez.

Köňül edebin berjaý et! (Durmuş we biz)

Ata arzuwy, ene mähri bilen maşgalada perzent dünýä inýär. Ol ata-enäniň göz-guwanjyna öwrülýär. «Iki aýakly iki günde» diýleni, düýnki çaga ýigit çykýar, ulugyz bolup ýetişýär. Ata-ene halal duz iýdirip, geýmedigini geýdirip, perzendini kemala getirýär. Asylly ýörelge bilen mynasyp terbiýe berýär. Gyz ene öwüdine, ogul ata göreldesine eýerýär. Türkmen maşgalasynda asylly maksat bolýar. Ol hem ojagynyň odunyň alawlap durmagy. Mährem ene saba-säher dileg edýär. Dileginde hemişe diýýänleri: «Öçmesin ojagym, rysgally bolsun saçagym. Açyk bolsun myhmana kalbym hem öýüm-işigim!».

Hormatly okyjylar!

2021-nji ýylyň ikinji ýarym ýyllygy üçin abuna ýazylyşyk möwsüminiň başlanandygyny habar berýäris. Gazetiň elektron görnüşine «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypalarynda hem-de «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynda ýazylyp bilersiňiz.

Ara alnyp maslahatlaşyldy

19-njy maýda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» ýerine ýetirilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, talyp ýaşlar, şonuň ýaly-da Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy gatnaşdylar.

Sowulmajak baky bahar

Merjen şäherimiz Aşgabat ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni merkezidir. Tehnologik ösüşiň we innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylýan Aşgabat şäheri sanlyja ýylyň içinde hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri boldy. Şu ýyl mähriban halkymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny uludan toýlaýar. Aşgabady ösdürmek, täze desgalary gurmak we durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak bilen bagly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Aşgabadyň özboluşly desgalary, dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Şäheriň ilatynyň sanynyň artmagy, soňky ýyllarda ýurdumyzyň paýtagtynyň çäkleriniň has-da giňeldilmegine getirdi. Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň gününde, ýagny 25-nji maýda ilkinji bolup dünýä inen oglanjyga Paýtagt ýa-da Aşgabat adynyň dakylmagynyň, eger gyzjagaz dünýä inse, Merjen ýa-da Maýa adynyň dakylmagynyň şanly senä goýulýan hormaty, sarpany aňlatjakdygyny bellemegi, täze doglan çagalara sowgatlaryň gowşurylmagynyň, olaryň maşgalalary üçin ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berjekdigini bellemegi aýratyn guwandyryjy, buýsandyryjy waka boldy. Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň ýurdumyzyň belent abraý-mertebesidigini bellemek aýratyn guwandyryjydyr. Gözel paýtagtymyz özüniň gaýtalanmajak ajaýy

Ak geljegiň ýalkymy

Her bir toý-baýramy zähmet üstünlikleri bilen garşylaýan halkymyz «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden belleniljek Aşgabadyň 140 ýyllygyna, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna ýokary derejede taýýarlyk görýär. Gözel paýtagtymyzyň günsaýyn özgerýän keşbi görenleri haýrana goýýar. Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde Aşgabat düýpli täze binagärlik keşbe eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy bilen gysga döwrüň içinde şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylyp, Aşgabatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi gurlup, ulanylmaga berildi. Ak mermerli kaşaň binalary, al-elwan güllere bürenen seýilgähleri, ajaýyp suw çüwdürimleri bilen gözüňi dokundyrýan paýtagtymyz her bir türkmenistanlynyň buýsanjydyr.

Ajaýyp binalaryň nury

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ajaýyp Aşgabat şäheri bu gün özüniň 140 ýaşynyň toýuny toýlaýar. 1881-nji ýylda düýbi tutulan Aşgabat ýuwaş-ýuwaşdan ösüp, şäherde uly bolmadyk senagat kärhanalary, ilkinji medeniýet ojaklary, mekdepler, muzeýler peýda bolup başlaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli ägirt uly tutumly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabat şäheriniň sanlyja ýylyň içinde gözel keşbe girmegi, özboluşly binagärlik keşbi her bir türkmenistanlyny buýsandyrýar. Dünýäde parahatçylygy, agzybirligi, dost-doganlygy ösdürmegiň, il-ýurt bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň merkezi hökmünde tanalýan ak şäherimiz älemgoşar öwüşginli gözellikleri bilen buýsanjyňy goşalandyrýar. Aşgabat ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, hakyky gurluşyk meýdançasyna öwrüldi, ak mermer bilen örtülen köpsanly binalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi muňa aýdyň mysaldyr. Ajaýyp eýýamyň nurana ýyllarynyň içinde hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen paýtagtymyz Aşgabat günsaýyn gözelleşip, täze binagärlik keşbine eýe bolýar. Täze gurulýan döwrebap binalar, desgalar, ýaşaýyş toplumlary, awtomobil ýollary we köprüler, şaýollardyr köçeler, al-ýaşyl baglara bürenip oturan täsin seýilgähler, şirin mukamly suw çüwdürimleri, al-elwan güller paýtagtymyzyň beýik ösüşlerini dabara

Rowaçlygyň aýdyň nyşany

Ýurdumyzyň ykdysady görkezijileri ýylsaýyn ýokarlanýar. Munuň özi milli Liderimiziň ýurdumyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak we halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak baradaky belent maksatlarynyň durmuşda aýdyň dabaralanmagydyr. Şunda ýurdumyzyň welaýatdyr etrap merkezleriniň, obadyr şäherleriniň, ak şäherimiz Aşgabadyň ýaşaýyş-durmuş, medeni, ykdysady, şeýle hem binagärlik taýdan beýik ösüşleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni ähli babatda ýatdan çykmajak şanly wakalara baý bolup, ýurdumyzyň iň täze taryhynyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylýar. Her bir baýramçylyga we şanly senelere gabatlap, dürli maksatly täze desgalary ulanmaga, şeýle hem beýik işlere badalga bermek hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen mähriban halkymyzyň belent ruhuny dabaralandyrýan ajaýyp däbe öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny şanly wakalara, amal edilýän beýik işlere, durmuş maksatly täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna besläp, uly şatlyk bilen garşylaýar. Ynha, şu ýylyň özünde diňe bir paýtagtymyzda ulanmaga berlen ajaýyp binalary seriňde aýlanyňda hem bitirilýän beýik işlere bolan buýsanjyň goşalanýar. Beýik ösüşlere beslenýän şanly günlerimizde hormatly Arkadagymyzyň

Kanuny döwlet kuwwatlanýar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her güni rowaçlyklara beslenýän güneşli Diýarymyzda il-günüň erkin hem-de mynasyp durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek eziz Arkadagymyzyň öňe sürýän döwlet syýasatynyň baş wezipeleri bolup durýar. Hut şuňa laýyklykda Baş Kanunymyz — Konstitusiýamyzda hem her bir adamyň ýaşamaga we ony amala aşyrmagyň erkinligine, zähmete, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerine, saglygyny gorap saklamaga hukuklydygy kepillendirilýär. Raýatlaryň saýlaw, syýasy hukuklary hem goralýar. Her bir raýatyň Türkmenistanyň çäginde erkin hereket etmäge we ýaşajak ýerini saýlap almaga, ýaşaýyş jaýyna we abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny almakda ýa-da edinmekde, özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmakda döwletiň goldawyna, jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa we beýlekilere hukugy bardyr. Arkadag Prezidentimiziň belleýşi ýaly, her bir hukuk döwletinde kazyýet ulgamy döwlet goragynyň netijeli görnüşi hökmünde uly ähmiýete eýedir hem-de hukuk bilen düzgünleşdirilýän işiň ähli çygyrlaryny goraýar. Kazyýet edaralarynyň ulgamy hukuk düzgünini, ykdysady giňişligiň birligini, şahslaryň emläk we emläkleýin däl hukuklaryny goramak bilen, konstitusion gurluşyň esaslarynyň mizemezligini üpjün edýär, şeýle hem ykdysady işiň erkinligini kepillendirýär.

Bagta barýan menziller

Gözel paýtagtymyz Aşgabat ýurdumyzyň syýasy, ykdysady ösüşlerini, ruhy-jemgyýetçilik durmuşynyň öňegidişliklerini aýdyň dabaralandyrýar. Ak şäherimizde gurlan we gurulýan döwrebap çagalar baglary, orta mekdepler, dünýäniň iň öňdebaryjy ylmy tehnologiýalary ornaşdyrylan ýokary okuw mekdepleri, ylmy-barlag institutlary we merkezleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik ösüşlerini aýdyň görkezýär. Paýtagtymyzdaky täze gurlan döwrebap kitaphanalar, kinoteatrlar, muzeýler, medeniýet köşkleri, medeni dynç alyş we kinokonsert merkezleri paýtagtymyzyň ilatynyň medeni-ruhy derejesiniň ýokarydygyna şaýatlyk edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çäkleri gün-günden giňeýän paýtagtymyzyň şähergurluşyk-binagärlik keşbi has täsin gözellige eýe boldy. Ak şäherimiz Aşgabatda döwrümiziň hem döwletimiziň beýik nyşanlaryna öwrülen ajaýyp binalaryň halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýändigine, olaryň birnäçesiniň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendigine, şeýle-de halkara baýraklara mynasyp bolýandygyna bu gün her bir türkmenistanly çäksiz buýsanýar. Paýtagtymyzda her ýyl syýasy, ykdysady, ylym-bilim, gumanitar-medeni, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda halkara gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen halkara ylmy maslahatlar, sergiler, sport ýaryşlary we beýleki çäreler üstünlikli geçirilýär.

Ajaýyp sungatyň öwüşgini

Türkmeni dünýä tanadan gymmatlyklarynyň içinde haly aýratyn orny eýeleýär. Nepis halylara çeper elli gyz-gelinlerimiziň yhlasy, döredijilik ylhamy, olaryň mähriban topragymyza, il-günümize bolan söýgüsi siňipdir. Halkymyzyň owadan, nepis halylarymyza guwanjy, buýsanjy çäksizdir. Her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramynyň uludan toýlanylmagy-da munuň aýdyň güwäsidir. Baýramçylyk mynasybetli Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde welaýat baş bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Türkmenabat şäher bölüminiň bilelikde guramaklarynda «Syrlardan dokalan gözellik» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Oňa welaýatymyzyň öňdebaryjy halyçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle-de haly sungatynyň muşdaklary gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen bu günki gün halkymyzyň milli buýsanjy bolan halyçylyk sungatymyzyň şan-şöhraty dünýä doldy. Ýurdumyzda halyçylyk sungatyny zamanabap ösdürmeklige uly üns berilýär. Munuň özi halyçylarymyzy yhlasly we tutanýerli zähmet çekmeklige ruhlandyrýar.

Nepisligiň hem mähriň ajaýyp nusgasy

Hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň işläp bejeren kürtesiniň, ören jorabynyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurylmagy mynasybetli, geçen penşenbe güni welaýatymyzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň işjeň agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, edara-kärhanalaryň zenan ýolbaşçylary, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, mährem eneler, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, talyp hem okuwçy ýaşlar gatnaşdylar.

Asudalygyň kepili

Dünýewi, demokratik, hukuk döwletimizde ýurdumyzy mundan beýläk hem bedew bady bilen ösdürmäge netijeli täsir edýän, raýatlaryň hukuklaryny we erkinligini üpjün edýän kanunçylygyň höküm sürmegi üçin çäksiz tagallalar edilýär. Türkmenistanyň kanunçylyk ulgamynda öňdebaryjy täzelikleriň orun almagy döwletimiz hem jemgyýetimiz üçin adam ömrüniň we saglygynyň iň gymmatly baýlykdygyny we ony ähli oňaýsyz täsirlerden hem-de jenaýatçylykly hyýanatçylyklaryň dürli görnüşlerinden goramak üçin ýurdumyzda ähli zerur çäreleriň görülýändigini subut edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri jemgyýetiň, ynsan durmuşynyň hemmetaraplaýyn saplanmagy, bedenterbiýäniň we sportuň rowaçlanmagy bilen alamatlandy. Arakhorlyk, neşekeşlik hemmeler tarapyndan näletlenilýän närsä öwrüldi. Adamlar bu zatlaryň jemgyýete, maşgala we ynsan saglygyna nähili uly zyýan ýetirýändigine barha aýdyň göz ýetirýärler.

Dynç alşyňyz sapaly bolsun!

Tomus mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň, edara-kärhanalaryň, guramalaryň işgärleriniň köpçülikleýin dynç alşa çykýan möwsümine gabat gelýär. Jöwzaly yssy günleriň başlanmagy bilen, suwa düşülýän möwsümiň başlanýandygyny bellemeli. Bu döwürde çagalar suwa düşmek bilen, wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Ýöne çagalar suwa düşenlerinde howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmelidirler. Biziň suwda özüňi alyp barmagyň düzgünleri hakynda çagalara we toparlaryň ýolbaşçylaryna berjek maslahatlarymyz şulardan ybarat: — ilki bilen, suwa ýörite bellenilen, rugsat berlen, ýapgyt kenarly, çägesöw ýerlerde düşülse amatly bolar;

Ganatly arzuwlaryň aýdymy

Gahryman Arkadagymyzyň mermer paýtagtymyzyň waspyny ýetirip ýazan «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň neşir edilmegi toý-baýramly günlerimiziň hoş habarlarynyň üstüni ýetirip, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna ajaýyp sowgat boldy. Kitabyň, turuwbaşdan, milli Liderimiziň döreden adybir goşgusy we hormatly Prezidentimiziň agtygy Kerimiň bu goşga ýazan sazynyň notasy bilen açylmagy-da ýöne ýerden däl. Döwlet Baştutanymyzyň çyn söýgüsinden dörän «Ak şäherim Aşgabat» atly goşgy bu gün dillerimiziň senasyna öwrüldi. Ol aýdym bolup ýaňlananda, köňüllere ganat baglap, ýürekleri joşdurýar. Kitapda ýerleşdirilen gyzykly maglumatlar — Aşgabadyň düýni, şu güni we geljegi bilen tanşanyňda, owadan suratlara syn edeniňde, owazasy dünýä dolan ak şäheriň goýnunda ýaşaýandygyňa buýsanjyň artýar. Dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülen, ýaşamak üçin amatly paýtagtymyzyň göreni haýran edýän gözel keşbine, ösüş-özgerişlerine, milli binagärligine guwanjyň artýar. Bu gözellikler halkymyzyň bagtyýar şu gününi, nurana geljegini üpjün edýär.

Berkararlygyň binýady

Konstitusiýa esasy syýasy-hukuk resminama hökmünde milli döwletliligiň, ýurduň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny we döwleti dolandyrmagyň öňdebaryjy halkara tejribesini nazara almak bilen, jemgyýetiň kadalaşdyryjy-hukuk esaslaryny döwrebaplaşdyrmagyň ygtybarly hukuk binýadyny emele getirýär. Iň ýokary hukuk güýjüne eýe bolan Esasy Kanunymyzda berkidilen kadalaryň we düzgünleriň gös-göni hereketi bar, kabul edilýän ähli hukuk namalary ondan gözbaş alýar. Şunlukda, hukuk ulgamynyň bitewüligi we özara ylalaşyklylygy onuň başlangyç ýörelgeleriniň umumylygyny üpjün edýär. Syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlaryndaky özgertmeler hem konstitusion gurluş bilen jebis baglanyşykly alnyp barylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy — bu döwletiň jemgyýetçilik we döwlet gurluşyny, häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň döredilmeginiň, işlemeginiň, işiniň üýtgedilmeginiň tertibini hem-de ýörelgelerini, saýlawlar we sala-salşyklar ulgamynyň gurluşyny, raýatlaryň esasy hukuklaryny we borçlaryny, döwletiň häkimiýet şahalarynyň gurluşyny we häkimiýet şahalarynyň edaralarynyň hem-de wezipeli adamlarynyň ygtyýarlyklaryny kesgitleýän esasy hukuk resminamasydyr.