Ajaýyp binalaryň nury

21 Maý 2021
814

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ajaýyp Aşgabat şäheri bu gün özüniň 140 ýaşynyň toýuny toýlaýar. 1881-nji ýylda düýbi tutulan Aşgabat ýuwaş-ýuwaşdan ösüp, şäherde uly bolmadyk senagat kärhanalary, ilkinji medeniýet ojaklary, mekdepler, muzeýler peýda bolup başlaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli ägirt uly tutumly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabat şäheriniň sanlyja ýylyň içinde gözel keşbe girmegi, özboluşly binagärlik keşbi her bir türkmenistanlyny buýsandyrýar. Dünýäde parahatçylygy, agzybirligi, dost-doganlygy ösdürmegiň, il-ýurt bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň merkezi hökmünde tanalýan ak şäherimiz älemgoşar öwüşginli gözellikleri bilen buýsanjyňy goşalandyrýar. Aşgabat ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, hakyky gurluşyk meýdançasyna öwrüldi, ak mermer bilen örtülen köpsanly binalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi muňa aýdyň mysaldyr.

Ajaýyp eýýamyň nurana ýyllarynyň içinde hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen paýtagtymyz Aşgabat günsaýyn gözelleşip, täze binagärlik keşbine eýe bolýar. Täze gurulýan döwrebap binalar, desgalar, ýaşaýyş toplumlary, awtomobil ýollary we köprüler, şaýollardyr köçeler, al-ýaşyl baglara bürenip oturan täsin seýilgähler, şirin mukamly suw çüwdürimleri, al-elwan güller paýtagtymyzyň beýik ösüşlerini dabaralandyrýar. Aşgabat iň owadan, arassa, ýaşaýyş üçin juda amatly şäherleriň birine öwrüldi. Bu gün halkymyz öz paýtagtyny söýgi, buýsanç we guwanç bilen ak şäherimiz diýip atlandyrýar. 2013-nji ýylda Aşgabadyň ak mermerli binalaryň has köpsanlysynyň jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girmegi, ýurdumyzyň paýtagtynyň dünýä derejesinde abraýynyň artmagyna getirdi. Mähriban Arkadagymyzyň paýhasyndan gözbaş alýan gözel paýtagtymyzyň şan-şöhraty dünýä dolýar.

Miwegül RESULBERDIÝEWA,
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň medeni aň-bilim bölüminiň esasy hünärmeni.