Kanuny döwlet kuwwatlanýar

21 Maý 2021
812

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her güni rowaçlyklara beslenýän güneşli Diýarymyzda il-günüň erkin hem-de mynasyp durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek eziz Arkadagymyzyň öňe sürýän döwlet syýasatynyň baş wezipeleri bolup durýar. Hut şuňa laýyklykda Baş Kanunymyz — Konstitusiýamyzda hem her bir adamyň ýaşamaga we ony amala aşyrmagyň erkinligine, zähmete, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerine, saglygyny gorap saklamaga hukuklydygy kepillendirilýär. Raýatlaryň saýlaw, syýasy hukuklary hem goralýar. Her bir raýatyň Türkmenistanyň çäginde erkin hereket etmäge we ýaşajak ýerini saýlap almaga, ýaşaýyş jaýyna we abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny almakda ýa-da edinmekde, özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmakda döwletiň goldawyna, jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa we beýlekilere hukugy bardyr.

Arkadag Prezidentimiziň belleýşi ýaly, her bir hukuk döwletinde kazyýet ulgamy döwlet goragynyň netijeli görnüşi hökmünde uly ähmiýete eýedir hem-de hukuk bilen düzgünleşdirilýän işiň ähli çygyrlaryny goraýar. Kazyýet edaralarynyň ulgamy hukuk düzgünini, ykdysady giňişligiň birligini, şahslaryň emläk we emläkleýin däl hukuklaryny goramak bilen, konstitusion gurluşyň esaslarynyň mizemezligini üpjün edýär, şeýle hem ykdysady işiň erkinligini kepillendirýär.

Altyn RAHIMOWA,
Türkmenabat şäher kazyýetiniň kazysynyň kömekçisi.