Zenanlara nusgalyk görelde

22 Maý 2021
754

Hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň bejeren kürtesiniň, şeýle-de öz eli bilen ören jorabynyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurylmagy ildeşlerimizde egsilmez şatlyk duýgusyny we gyzyklanmany döretdi. Şol ajaýyp wakanyň şanyna şu günler welaýatlarda dabaraly maslahatlar geçirilip, olarda halkymyzyň köpasyrlyk däpleriniň aýawly saklanmagyna, baýlaşdyrylmagyna uly goşant goşan Ogulabat ejäniň nusgalyk göreldesi barada täsirli söhbet edilmegi şanly toýuň öňüsyrasyndaky günlere özboluşly öwüşgin çaýdy.

Ahal welaýatynyň Änew şäherinde ýerleşýän Milli «Ak bugdaý» muzeýinde, şeýle hem Gökdepe etrabynyň Babarap obasynyň Toý mekanynda geçirilen dabaralar «Ýürek mähri siňen sungat» diýlip atlandyryldy. Oňa gatnaşyjylar Ogulabat eje tarapyndan mundan ýarym asyr ozal, has takygy, 1971-nji ýylda bejerilen kürtäniň uly gymmatlyk bolup durýandygyny, bu kürtäniň «gyýak», «okgözi», «içýan agyz», «tazy guýruk» nagyşlary bilen bezelmeginiň onuň gymmatyny has-da artdyrýandygyny, muzeýe sowgat edilen el işleriniň naýbaşysy hökmünde oňa gelýänlerde uly gyzyklanma döretjekdigini uly buýsanç bilen bellediler.

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşürenler Aýdo ŞEKEROW, Merdan ORAZOW.