Bagta barýan menziller

21 Maý 2021
916

Gözel paýtagtymyz Aşgabat ýurdumyzyň syýasy, ykdysady ösüşlerini, ruhy-jemgyýetçilik durmuşynyň öňegidişliklerini aýdyň dabaralandyrýar. Ak şäherimizde gurlan we gurulýan döwrebap çagalar baglary, orta mekdepler, dünýäniň iň öňdebaryjy ylmy tehnologiýalary ornaşdyrylan ýokary okuw mekdepleri, ylmy-barlag institutlary we merkezleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik ösüşlerini aýdyň görkezýär. Paýtagtymyzdaky täze gurlan döwrebap kitaphanalar, kinoteatrlar, muzeýler, medeniýet köşkleri, medeni dynç alyş we kinokonsert merkezleri paýtagtymyzyň ilatynyň medeni-ruhy derejesiniň ýokarydygyna şaýatlyk edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çäkleri gün-günden giňeýän paýtagtymyzyň şähergurluşyk-binagärlik keşbi has täsin gözellige eýe boldy.

Ak şäherimiz Aşgabatda döwrümiziň hem döwletimiziň beýik nyşanlaryna öwrülen ajaýyp binalaryň halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýändigine, olaryň birnäçesiniň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendigine, şeýle-de halkara baýraklara mynasyp bolýandygyna bu gün her bir türkmenistanly çäksiz buýsanýar. Paýtagtymyzda her ýyl syýasy, ykdysady, ylym-bilim, gumanitar-medeni, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda halkara gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen halkara ylmy maslahatlar, sergiler, sport ýaryşlary we beýleki çäreler üstünlikli geçirilýär.

Swetlana HOJANAZAROWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy, ykdysady ylymlaryň kandidaty.