Sowulmajak baky bahar

21 Maý 2021
836

Merjen şäherimiz Aşgabat ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni merkezidir. Tehnologik ösüşiň we innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylýan Aşgabat şäheri sanlyja ýylyň içinde hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri boldy. Şu ýyl mähriban halkymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny uludan toýlaýar. Aşgabady ösdürmek, täze desgalary gurmak we durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak bilen bagly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Aşgabadyň özboluşly desgalary, dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Şäheriň ilatynyň sanynyň artmagy, soňky ýyllarda ýurdumyzyň paýtagtynyň çäkleriniň has-da giňeldilmegine getirdi. Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň gününde, ýagny 25-nji maýda ilkinji bolup dünýä inen oglanjyga Paýtagt ýa-da Aşgabat adynyň dakylmagynyň, eger gyzjagaz dünýä inse, Merjen ýa-da Maýa adynyň dakylmagynyň şanly senä goýulýan hormaty, sarpany aňlatjakdygyny bellemegi, täze doglan çagalara sowgatlaryň gowşurylmagynyň, olaryň maşgalalary üçin ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berjekdigini bellemegi aýratyn guwandyryjy, buýsandyryjy waka boldy. Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň ýurdumyzyň belent abraý-mertebesidigini bellemek aýratyn guwandyryjydyr.

Gözel paýtagtymyz özüniň gaýtalanmajak ajaýyp binalary bilen on bir gezek Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun aldy. Şeýle hem, paýtagtymyzy ösdürmegiň 12, 13, 14, 15-nji we 16-njy tapgyrlarynyň çäklerinde gurlan desgalar bilen bir hatarda, «Täze zaman», Çoganly, «Gurtly», Parahat 7 ýaşaýyş toplumlary hem-de giň hem owadan şaýollar bu gün ak şäherimiziň binagärlik özboluşlylygyny has-da baýlaşdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň köpugurly ýörelgeleri öz içine alýan, uzak geljegi nazarlaýan şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde bu gün ak mermere beslenen gözel paýtagtymyz dünýäniň ösen şäherleriniň hatarynda has-da meşhurdyr.

Gülşat AKYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.