Asudalygyň kepili

21 Maý 2021
843

Dünýewi, demokratik, hukuk döwletimizde ýurdumyzy mundan beýläk hem bedew bady bilen ösdürmäge netijeli täsir edýän, raýatlaryň hukuklaryny we erkinligini üpjün edýän kanunçylygyň höküm sürmegi üçin çäksiz tagallalar edilýär. Türkmenistanyň kanunçylyk ulgamynda öňdebaryjy täzelikleriň orun almagy döwletimiz hem jemgyýetimiz üçin adam ömrüniň we saglygynyň iň gymmatly baýlykdygyny we ony ähli oňaýsyz täsirlerden hem-de jenaýatçylykly hyýanatçylyklaryň dürli görnüşlerinden goramak üçin ýurdumyzda ähli zerur çäreleriň görülýändigini subut edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri jemgyýetiň, ynsan durmuşynyň hemmetaraplaýyn saplanmagy, bedenterbiýäniň we sportuň rowaçlanmagy bilen alamatlandy. Arakhorlyk, neşekeşlik hemmeler tarapyndan näletlenilýän närsä öwrüldi. Adamlar bu zatlaryň jemgyýete, maşgala we ynsan saglygyna nähili uly zyýan ýetirýändigine barha aýdyň göz ýetirýärler.

Maksat GURBANNAZAROW,
welaýat harby prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.