Dilewarlyk sungaty (Kämillige tarap)

21 Maý 2021
979

Dilewar adamlary Ýewropa ýurtlarynda «orator» diýip atlandyrýarlar. «Orator» latyn sözi bolup, geplemegi, gepleýän adamy aňladýar. Sözüň hakyky manysynda, ol «märekäniň öňünde çykyş etmegi başarýan adam» diýmekdir. Dilewaryň sözi çeperçilik taýdan işlenen adaty söz bolup, diňleýjilere güýçli täsirini ýetirýär. Dilewar ýöne gepleýän adam däl-de, märekä ýüzlenmek bilen haýsydyr bir durmuşy wezipäni ýerine ýetirýän adamdyr.

Dilewarlyk jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda — ýygnaklarda, gurultaýlarda, maslahatlarda, köpçülige ýolbaşçylyk etmekde we syýasy iş geçirmekde, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan köpçülige öz pikirlerini, ylmy garaýyşlaryny beýan etmekde, mugallymçylyk işinde, teleradiogepleşiklerde we beýleki ýerlerde ulanylýar.

Şemşat BERDIÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.