Rowaçlygyň aýdyň nyşany

21 Maý 2021
932

Ýurdumyzyň ykdysady görkezijileri ýylsaýyn ýokarlanýar. Munuň özi milli Liderimiziň ýurdumyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak we halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak baradaky belent maksatlarynyň durmuşda aýdyň dabaralanmagydyr. Şunda ýurdumyzyň welaýatdyr etrap merkezleriniň, obadyr şäherleriniň, ak şäherimiz Aşgabadyň ýaşaýyş-durmuş, medeni, ykdysady, şeýle hem binagärlik taýdan beýik ösüşleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni ähli babatda ýatdan çykmajak şanly wakalara baý bolup, ýurdumyzyň iň täze taryhynyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylýar. Her bir baýramçylyga we şanly senelere gabatlap, dürli maksatly täze desgalary ulanmaga, şeýle hem beýik işlere badalga bermek hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen mähriban halkymyzyň belent ruhuny dabaralandyrýan ajaýyp däbe öwrüldi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny şanly wakalara, amal edilýän beýik işlere, durmuş maksatly täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna besläp, uly şatlyk bilen garşylaýar. Ynha, şu ýylyň özünde diňe bir paýtagtymyzda ulanmaga berlen ajaýyp binalary seriňde aýlanyňda hem bitirilýän beýik işlere bolan buýsanjyň goşalanýar. Beýik ösüşlere beslenýän şanly günlerimizde hormatly Arkadagymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň okyjylarymyza gowuşmagy aýratyn buýsandyryjy waka bolup, mähriban halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşdy. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýlary mynasybetli paýtagtymyzda ulanmaga berlen «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň, «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň, Halk Maslahatynyň Diwanynyň, Kabul ediş merkeziniň täze döwrebap binalary, şeýle hem gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýan ençeme desgalar diňe bir ak şäherimiziň binagärlik taýdan ösüşlerini dabaralandyrman, eýsem, mähriban halkymyzyň belent ruhundan habar berýär.

Arslan GURBANMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby.