"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Bagta barýan ýollar

Golaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp wakasyna öwrüldi. Uzynlygy 600  kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň gurluşygy Aşgabat — Tejen (203 kilometr), Tejen — Mary (109 kilometr) we Mary — Türkmenabat (288 kilometr) üç tapgyrda amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan gurluşygy amala aşyrylan bu taslamanyň birinji tapgyry — Aşgabat — Tejen bölegi 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulanmaga berildi. Dünýä ölçeglerine laýyklykda gurlan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi «Altyn nesil» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirildi. Şunda ähli mümkinçilikler göz öňünde tutuldy. Şeýle hem, ýolagçylar üçin döwrebap dynç alyş we hyzmat ediş zolaklary bina edildi.

Gymmatly çig malyň tonnalary artýar

Welaýatymyzyň gündogar etraplarynyň ýüpekçileri senagat üçin gymmatly çig mal bolan piläni ýygnamaga köpçülikleýin girişdiler. Kerki, Halaç, Hojambaz, Köýtendag etraplarynyň hojalyklarynda bu iş örän guramaçylykly alnyp barylýar. «Lebapwelaýatýüpek» önümçilik birleşiginiň baş hünärmeni Oraz Sahyberdiýewiň habar bermegine görä, welaýatymyzyň gündogar etraplarynda howa şertlerine laýyklykda pile her ýyl ir ýygnalyp başlanýar. Bu ýyl hem şu kada eýerilýär. Kerki etrabynyň ýüpekçileriniň pile kabul ediş we guradyş bölümlerine getirýän hasylynyň mukdary barha köpelýär. Goňşy Halaç etrabynyň ýüpekçileri hem senagat üçin gymmatly çig mal bolan piläniň kilogramlaryny barha artdyrýarlar. Etrabyň «Çohpetde» we Jumaguly Mähremow adyndaky daýhan birleşikleriniň ýüpekçileriniň tabşyran pile hasylynyň mukdary eýýäm bäş tonnadan geçdi. Bu daýhan birleşikleriniň ýüpekçilerinden gelip gowuşýan hasyly tereziden geçirýän pile kabul ediş we guradyş bölüminiň ýolbaşçysy Jumamyrat Ernepesow söhbetdeş bolanymyzda:

Tikin fabriginde işler ileri

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen galkynyşdan ganatlanan döwrümizde ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda işler ýokary depginde dowam edýär. Milli dokma önümlerimiz hiliniň ýokarylygy we bahasynyň amatlylygy bilen içerki bazarlarymyzda islegli önümleriň hatarynda tanalýar. Göze gelüwli, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply, döwrebap tikin önümleri bilen adygan Türkmenabadyň tikin fabriginde hem ýylyň ähli möwsüminde guramaçylykly zähmet gaýnap joşýar.

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Kämil ulgamyň ähmiýeti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň ösüşleriň belent basgançaklaryna çykmagyna itergi berýär. Şeýle öňegidişlikler ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynda has-da aýdyň duýulýar. Bu barada Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň mugallymlary buýsançlaryny beýan edýärler.

Koreýanyň «Hanwha Ocean” gämi gurluşyk kompaniýasy şu ýylyň birinji çärýeginde 39 million dollar girdeji gazandy

Koreýanyň «Hanwha Ocean» gämi gurluşyk kompaniýasy, şu ýylyň birinji çärýeginde ýokary bahaly gämi görnüşleriniň, esasanam «LNG» tankerlerine sargytlaryň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydygyny aýtdy. «Hanwha Ocean» soňky çärýekdäki hasabatlaryndan alnan maglumatlar görä, kompaniýanyň gämi gurluşyk meýilnamalarynyň, kompaniýanyň taryhynda iň ýokary derejä ýetendigini görkezýär. Ýagny, 2024-nji ýylda 22 gämi, 2025-nji ýylda bolsa 24 gämi müşderilere sargydy boýunça gurmak meýilleşdirilýär.

Ýokary hilli sargy serişdeleri

«Türkmendermansenagat» birleşiginiň Daşoguzdaky zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasynyň işçi-hünärmenleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dört aýlyk meýilnamasyny üstünlikli berjaý etmek ugrunda netijeli zähmet çekdiler. Täze eýýamymyzyň döredijilik ruhunda täzeçe işleýän bu döwrebap kärhanada şanly ýylymyzyň birinji çärýeginde 2 million 50 müň manatlykdan gowrak önüm öndürilip, önümçiligiň ähli görnüşleri boýunça ýokary görkezijiler gazanyldy. Ýokary öndürijilikli innowasion tehnologiýalar, iň kämil enjamlar ornaşdyrylan kärhananyň önümçilik kuwwatlylygy geljegi uly bolan, ylaýta-da, lukmançylyk işinde zerur hasaplanýan sargy we arassaçylyk serişdeleriniň ýylda 13 million gaplamasyny öndürmäge barabardyr. Häzirki wagtda bu ýerde lukmançylykda giňden ulanylýan dürli önümleriň 15 görnüşi öndürilýär. Munuň üçin kärhanada önümçilik bölümleriniň dördüsi hereket edýär. Agartma, gipsleme, dokma, sargy serişdelerini öndürýän bölümlerde ýokary hilli önümler taýýarlanylýar. Çig mal hökmünde, esasan, öz ýurdumyzda öndürilen pagta ulanylýar.

Milli ykdysadyýetiň kuwwatly pudagy

Uglewodorod serişdelerine baý ýurtlaryň biri bolan ata Watanymyzda nebitgaz pudagynda iri taslamalar amala aşyrylýar. Bu taslamalara daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmäge, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly üns berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen hem-de Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynyň bahar paslynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde 24-25-nji aprelde geçirilen halkara göçme forumy hem şeýle hyzmatdaşlygyň anyk mysallarynyň biridir. Forumyň esasy maksady ýurdumyzyň energetika pudagynyň nebit we gazy gazyp almak, daşamak we gaýtadan işlemek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak, ibermek, gurmak ýaly ugurlara göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybaratdyr. Forumda nebitgaz senagatynyň, elektroenergetika, gurluşyk, senagat pudaklarynyň täze önümçiliklerini döretmek, ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek meseleleri, hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi, täze maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyryldy. Şeýle çäreler dünýäniň işewür toparlary tarapyndan Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda amala aşyrylýan taslamalara uly gyzyklanma bildirilýändigini, barha ösýän nebitgaz bazaryna ünsüň artýandygyny görkezýär. Özara

Eziz Diýaryň ösüşleri

Köňül guşumyzy al-asmana uçuryp, eziz Watanymyzyň gül gujagyny şatlyk-şowhuna besläp, owazy çar ýana ýaýraýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly dowam edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan abyrsyz işleri, ýetilýän belent sepgitleri göreniňde, gazanylan ösüşleri hakydaňda aýlap, başyň gök direýär. Agzybir türkmen halkymyz beýik hem şan-şöhratly zamananyň tämiz howasyndan ine-gana, erkin dem alyp, agaýana döwran sürýär, toý-baýramyny toýlap, milli däp-dessurlaryny berjaý edýär. Oba-şäherlerimizde bina edilýän ajaýyp desgalardyr binalar, aýna ýaly şaýollar durmuşa, ýaşaýşa söýgiňi artdyryp, ýagty geljege buýsanjyňy goşalandyrýar. Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde elektrik energetikasy pudagynyň eýeleýän orny uludyr. Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň güýzünde halkalaýyn energiýa ulgamyny döretmek ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň çäginde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sanly ulgam arkaly ak pata bermeginde Mary — Ahal ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň dabaraly ýagdaýda ulanyşa girizilmegi, ýurdumyzyň bitewi energetika ulgamyna birikdirilmegi ähli watandaşlarymyzy begendiren taryhy wakalaryň biri boldy. Geçen döwürde paýtagtymyzyň we sebitiň ilatyny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmekde bu elektrik stansiýasy möhüm orun eýeledi. Öňdebaryj

Arkadag şäher häkimligi Aşgabat — Gökdepe ýolunda gurluşyk­-gurnama işleriniň başlandygyny habar berdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň, Arkadag şäheriniň häkimliginiň degişli bildirişi «Türkmenistan» gazetiniň düýnki sanynda çap edildi. Bildirişde şeýle bellenilýär: «Arkadag şäheriniň binagärlik­ şäher gurluşyk keşbini has­-da gözelleşdirmek, ýollaryň durkuny täzeläp, raýatlara we ýolagçylara has amatly, döwrebap şertleri döretmek üçin, Köpetdag şaýolunyň «Polatly» binasy bilen «Akhan» binasynyň aralygyndaky ýol böleginde, şeýle­-de Aşgabat — Gökdepe aralygyndaky gatnawly ýolda gurluşyk­-gurnama işlerini geçirmek zerurlygy ýüze çykýar.

Türkmenistan we Eýran elektrik geçiriji ulgamynyň üçünji şahasynyň gurluşygyny maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýeti Tähran şäherinde elektrik energiýasynyň önümçiligi we paýlanylyşy boýunça eýran kompaniýasynyň daşary söwda wekilhanasynyň (TAVANIR) baş direktory Mehrdad Eklimi bilen duşuşdy. “Tehran Times” gazetiniň anna güni habar bermegine görä, taraplar umumy mümkinçilikleri giňeltmäge we iki döwletiň arasynda elektrik geçiriji ulgamynyň üçünji şahasyny gurup ulanmaga bermek boýunça bilelikdäki kärhananyň taslamasyny maliýeleşdirmek işine ýardam bermäge degişli meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynda oňyn özgertmeler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynda, şol sanda ulag we kommunikasiýalar ulgamynda Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen oňyn özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Häzirki zaman üstaşyr ulag, logistik düzümlerini, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar ulgamyny kemala getirmegiň çäklerinde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça alnyp barylýan işler munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan Ýewraziýa yklymynyň söwda ýollarynyň strategiki çatrygynda ýerleşmek bilen gadymyýetde tutuş yklymyň çäginden geçen we ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky söwda we medeni gatnaşyklaryň ösmegine güýçli itergi beren Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine işjeň gatnaşýar. Sebitde köpugurly ulag geçelgeleriniň ulgamynyň döredilmeginiň we ýaýbaňlandyrylmagynyň diňe bir sebit ölçeginde däl, eýsem, halkara derejesinde howpsuzlygyň, durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň, parahatçylygyň saklanylmagyna hem-de pugtalandyrylmagyna itergi berjekdigi mälimdir. Bu ugurda biziň döwletimiz Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda özboluşly “köpri” boljak hem-de ulag harajatlarynyň azaldylmagyna, yklymyň ýurtlarynyň arasynda haryt dolan-yşygynyň ýaýbaňlandyrylmagyna giň mümkinçilik açjak taslamalary amala aşyrýar.

Maliýe bazary — ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň möhüm guraly

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen, bäsdeşlige ukyply, daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň täze görnüşleri döredilýär we ähli pudaklara sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Telekeçilik işiniň netijeliligi ýokarlandyrylyp, ykdysadyýetde hususy bölegiň paýy artdyrylýar. Netijede, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň 75 göterime golaýy durmuş ulgamyny ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Bu özgertmeler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp durmuşa geçirilýär. Milli maksatnamany amala aşyrmagyň barşynda ykdysadyýetiň pudaklaryny innowasion esasda senagatlaşdyrmak bilen çäklenilmän, bazar infrastrukturasyny doly kemala getirmek ugrunda hem tapgyrlaýyn işler alnyp barylýar. Pudaklary döwrüň talabyna laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda üstünlikler gazanylýar. Netijede, ýurduň maliýe ulgamynyň düzüm bölegi bolan maliýe bazarlary öňdebaryjy dünýä tejribeleri esasynda kämilleşdirilip, täzeçe iş usullary döredilýär. Ýurduň maliýe bazarynyň düzü

Täze ýangyç guýuş beketleri halkyň hyzmatynda

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň 309,7-nji kilometrliginde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Wekilbazar nebit önümleri kärhanasynyň buýurmasy esasynda täze gurlan awtoulaglara ýangyç guýuş beketleriniň ikisi ulanmaga berildi. Munuň özi sürüjiler üçin döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň şanly toýunyň belleniljek ýylynda ajaýyp toý sowgady boldy. Awtomobillere ýangyç guýuş beketleri «Marygazgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 7-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçylary baş potrat esasynda ýokary hil derejesinde gurup, bellenilen möhletinde ulanmaga berdiler.

Pariž forumy Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açdy

24-25-nji aprelde Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Parižde geçirilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy (TEIF 2024) dünýäniň dürli ýurtlaryndan gatnaşyjylara nebiti we gazy gazyp almak, ugratmak we gaýtadan işlemek, şeýle hem energetika pudagyny durnukly ösdürmek babatda halkara dialogyny giňeltmek üçin hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga şert döretdi. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan «Türkmen Forum» HJ hem-de Beýik Britaniýanyň «GaffneyCline» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralan Pariž forumyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Şeýle hem foruma BMG-niň esasy bilermenleri, OPEK-niň, Halkara energetika agentliginiň (IEA) we iri halkara kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar, olaryň hatarynda «Auguste», «Dragon Oil», «CNPC», «ENI», «Petronas», «Yug-Neftegaz», «HYUNDAI ENGINEERING CO.,LTD», «Schlumberger International», «Rönesans» kompaniýalary we beýlekiler boldy.

«Mawy ýangyç» bilen üznüksiz üpjün edilýär

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy, Ruhubelent, Köneürgenç, Şabat we Görogly etraplaryndaky gaz hojalyk edaralarynyň gazçylary medeni zolakdan uzakda ýerleşýän obalaryň ilatyny hem-de Garagum sährasynyň jümmüşinde, Sarygamyş kölüniň boýlarynda we Bötendag sebitlerinde bar bolan öri meýdanlarynda häzirki günlerde ýazlaga çykan, çarwaçylyk bilen meşgullanýan maldarlarymyzy suwuklandyrylan gaz bilen ýeterlik derejede üpjün etmek ugrunda netijeli işleri alyp barýarlar. Aýratyn hem, medeni zolakdan has alysda ýerleşýän Ataguýy, Ajyguýy, Damla, Kyrkguýy, Gamyşly, Akmolla ýaly ençeme öri meýdanlarynda ýylyň bütin dowamynda maldarçylyk bilen meşgullanýan çarwa ilaty müdirligiň gazçylarynyň hyzmatyndan diýseň hoşal. Halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşynda duran döwlet Baştutanymyzyň adyna aýdylýan hoşallyk sözleri welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagynda bolan Şabat etrabyndaky «Dowardarçylyk», Köneürgenç etrabyndaky «Maldarçylyk» hem-de Görogly etrabynda bar bolan «Garagum» maldarçylyk hojalyklarynda bolanyňda-da her pursatda eşitmek bolýar. — Garagum sährasyndaky adamlary suwuklandyrylan gaz bilen üpjün etmek biziň jana-jan borjumyz. Biziň gaz dolduryjy bekedimiziň hyzmatyndan Garagum sährasynyň Mürzeçyrla, Akmolla, Böwrüdeşik, Kyrkguýy, Damla, Sözenli, Ataguýy, Yslam, Gyzyljaburun, Baleýşem, Göbe, Ýekeje hem-de Sarygamyş kölüniň etekle

Nebitçi zenanlarymyzyň göreldeli işleri

Türkmen topragynyň «gara altyndyr» «mawy ýangyç» tebigy baýlyklaryny halkymyzyň rysgal berekedine, bolelin ýaşamaklaryna gönükdirmekde «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleriniň zähmet toparlary uly işleri bitirýärler. Tutuş konsern boýunça «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen hasabat döwründe çykarylan çig nebitiň möçberi 904 müň tonna golaýlap, meýilnama 102 göterim amal edildi. Şonuň 146,5 müň tonna barabary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň arka atylan üç aýynda önümçiligiň ösüş depginini 102 göterimden hem geçirmegi başaran biziň müdirligimiziň hünärmenleriniň paýyna düşýär. Nebitçilerimiziň häzirki döwrümiziň ruhuna mynasyp bitirýän işlerinde kärhanamyzyň öz işine ussat gelin-gyzlarynyň hem saldamly goşantlary bar. Çünki müdirligimizde zähmet çekýän bir müň adamyň 252-si gelin-gyzlardyr. Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde türkmen zenanlary jemgyýetimiziň iň täsirli güýjüne öwrüldi. Gelin-gyzlarymyz döwür bilen aýakdaş ýöräp, maşgala ojaklarynyň abraý-mertebesini, ahlak däplerini belent saklamaga, Watana mynasyp ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge işjeň gatnaşyp, halal zähmet çekmegi başarýarlar. Biz muny öz zähmet çekýän müdirligimiziň mysalanda-da aýdyň görýäris. Kärhanamyzdaky nebitçi zenanlaryň ortaça ýaşy otuz bäşe ýetenok. Olaryň 132-si ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerini tamamlan i

Hormatly raýatlar!

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan hem-de ýurdumyzyň çäginden daşarda saglygynyň barlanylmagy we bejerilmegi zerur bolan raýatlarymyz üçin milli puly daşary ýurt puluna çalyşmaga, şol sanda halkara «Visa» we «MasterCard» kartlarynyň hasaplaryny onlaýn görnüşde doldurmaga mümkinçilik berýän fiziki şahslar üçin «Menzilara bank» ulgamyndan peýdalanmaga çagyrýar. «Menzilara bank» ulgamyndan peýdalanmak üçin raýatlarymyz bir gezeklik banka gelip, tölege degişli resminamalarynyň asyl nusgalaryny barlatmaly hem-de daşary ýurt pulunda goýum hasabyny açmak we ulanyjy döretmek barada ýüz tutmaly. Şeýlelik bilen, bankyň www.dayhanbank.gov.tm resmi internet sahypasynyň «Onlaýn töleg geçirmek» bölüminiň üsti bilen sanly hyzmatyň amatly mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilerler.

Parallel importyň derejesi peselýär

Önümleriň hakykylygynyň subut edilip bilinmezligi sebäpli, parallel importyň möçberi azalýar, şonuň üçin hem, satyjylar öz söwda markalaryny döredip başlaýarlar. Bu barada «Upgrade Logistika» maslahatynda çykyş eden «e-commerce» pudagynyň geňeşçisi Arkadiý Markarýan belledi: – Gödegrak hem bolsa şeýle mysaly getirip bilerin. Bir «Nike» aýakgabyny satyn alyp, ony böleklere bölüň! Soňra Türkiýedäki, Hytaýdaky, Indoneziýadaky ýa-da Hindistandaky kiçi öndürijileriň ýanyna baryp, şeýle aýakgaby taýýarlap bermegini soraň! Ony göçürerler, ýöne indi hakyky «Nike» aýakgabynyň nusgasy bolmaz. Munuň özi asyl nusgasyndan birneme pes bolup bilýän CTM. Häzirki wagtda köp kompaniýalar şu ugur bilen meşgullanýarlar — diýip, bilermen nygtady.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Germaniýanyň, Maltanyň, Gruziýanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, ýangyç mazudyny, binýatlyk ýagy, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Gyrgyzystanyň telekeçileri aşgarlanmadyk nah matany satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 65 million 358 müň amerikan dollaryna barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 26 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Gruziýadan, Owganystandan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Maltadan, Germaniýadan we Gyrgyz Respublikasyndan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen nebit bitumyny, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, az kükürtli ýakyş mazudyny, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 65 million 358 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy.