Täze ýangyç guýuş beketleri halkyň hyzmatynda

29 Aprel 2024
384

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň 309,7-nji kilometrliginde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Wekilbazar nebit önümleri kärhanasynyň buýurmasy esasynda täze gurlan awtoulaglara ýangyç guýuş beketleriniň ikisi ulanmaga berildi. Munuň özi sürüjiler üçin döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň şanly toýunyň belleniljek ýylynda ajaýyp toý sowgady boldy.

Awtomobillere ýangyç guýuş beketleri «Marygazgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 7-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçylary baş potrat esasynda ýokary hil derejesinde gurup, bellenilen möhletinde ulanmaga berdiler.

Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,
«Nebit-gaz».