Milli ykdysadyýetiň kuwwatly pudagy

30 Aprel 2024
534

Uglewodorod serişdelerine baý ýurtlaryň biri bolan ata Watanymyzda nebitgaz pudagynda iri taslamalar amala aşyrylýar. Bu taslamalara daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmäge, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly üns berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen hem-de Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynyň bahar paslynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde 24-25-nji aprelde geçirilen halkara göçme forumy hem şeýle hyzmatdaşlygyň anyk mysallarynyň biridir. Forumyň esasy maksady ýurdumyzyň energetika pudagynyň nebit we gazy gazyp almak, daşamak we gaýtadan işlemek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak, ibermek, gurmak ýaly ugurlara göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybaratdyr.

Forumda nebitgaz senagatynyň, elektroenergetika, gurluşyk, senagat pudaklarynyň täze önümçiliklerini döretmek, ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek meseleleri, hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi, täze maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyryldy. Şeýle çäreler dünýäniň işewür toparlary tarapyndan Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda amala aşyrylýan taslamalara uly gyzyklanma bildirilýändigini, barha ösýän nebitgaz bazaryna ünsüň artýandygyny görkezýär. Özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça täze mümkinçilikler milli nebitgaz senagatynyň kuwwatly ösmegine ýardam berip, ýurdumyzda işlemek isleýän daşary ýurt maýa goýujylaryň gyzyklanmalaryny has-da artdyrýar. Şeýle işleriň geçirilmegi ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, uglewodorod serişdelerini iberijiler we sarp edijiler üçin amatly şertleriň döremegine, täze sarp edijileriň bazarlaryny açmaga oňyn şertleri döredýär.

Güller GURBANMÄMMEDOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.