Pariž forumy Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açdy

29 Aprel 2024
731

24-25-nji aprelde Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Parižde geçirilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy (TEIF 2024) dünýäniň dürli ýurtlaryndan gatnaşyjylara nebiti we gazy gazyp almak, ugratmak we gaýtadan işlemek, şeýle hem energetika pudagyny durnukly ösdürmek babatda halkara dialogyny giňeltmek üçin hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga şert döretdi.

«Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan «Türkmen Forum» HJ hem-de Beýik Britaniýanyň «GaffneyCline» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralan Pariž forumyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Şeýle hem foruma BMG-niň esasy bilermenleri, OPEK-niň, Halkara energetika agentliginiň (IEA) we iri halkara kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar, olaryň hatarynda «Auguste», «Dragon Oil», «CNPC», «ENI», «Petronas», «Yug-Neftegaz», «HYUNDAI ENGINEERING CO.,LTD», «Schlumberger International», «Rönesans» kompaniýalary we beýlekiler boldy.