Ýokary hilli sargy serişdeleri

1 Maý 2024
518

«Türkmendermansenagat» birleşiginiň Daşoguzdaky zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasynyň işçi-hünärmenleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dört aýlyk meýilnamasyny üstünlikli berjaý etmek ugrunda netijeli zähmet çekdiler. Täze eýýamymyzyň döredijilik ruhunda täzeçe işleýän bu döwrebap kärhanada şanly ýylymyzyň birinji çärýeginde 2 million 50 müň manatlykdan gowrak önüm öndürilip, önümçiligiň ähli görnüşleri boýunça ýokary görkezijiler gazanyldy. Ýokary öndürijilikli innowasion tehnologiýalar, iň kämil enjamlar ornaşdyrylan kärhananyň önümçilik kuwwatlylygy geljegi uly bolan, ylaýta-da, lukmançylyk işinde zerur hasaplanýan sargy we arassaçylyk serişdeleriniň ýylda 13 million gaplamasyny öndürmäge barabardyr. Häzirki wagtda bu ýerde lukmançylykda giňden ulanylýan dürli önümleriň 15 görnüşi öndürilýär. Munuň üçin kärhanada önümçilik bölümleriniň dördüsi hereket edýär. Agartma, gipsleme, dokma, sargy serişdelerini öndürýän bölümlerde ýokary hilli önümler taýýarlanylýar. Çig mal hökmünde, esasan, öz ýurdumyzda öndürilen pagta ulanylýar.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).