Gymmatly çig malyň tonnalary artýar

1 Maý 2024
493

Welaýatymyzyň gündogar etraplarynyň ýüpekçileri senagat üçin gymmatly çig mal bolan piläni ýygnamaga köpçülikleýin girişdiler. Kerki, Halaç, Hojambaz, Köýtendag etraplarynyň hojalyklarynda bu iş örän guramaçylykly alnyp barylýar.

«Lebapwelaýatýüpek» önümçilik birleşiginiň baş hünärmeni Oraz Sahyberdiýewiň habar bermegine görä, welaýatymyzyň gündogar etraplarynda howa şertlerine laýyklykda pile her ýyl ir ýygnalyp başlanýar. Bu ýyl hem şu kada eýerilýär. Kerki etrabynyň ýüpekçileriniň pile kabul ediş we guradyş bölümlerine getirýän hasylynyň mukdary barha köpelýär. Goňşy Halaç etrabynyň ýüpekçileri hem senagat üçin gymmatly çig mal bolan piläniň kilogramlaryny barha artdyrýarlar. Etrabyň «Çohpetde» we Jumaguly Mähremow adyndaky daýhan birleşikleriniň ýüpekçileriniň tabşyran pile hasylynyň mukdary eýýäm bäş tonnadan geçdi. Bu daýhan birleşikleriniň ýüpekçilerinden gelip gowuşýan hasyly tereziden geçirýän pile kabul ediş we guradyş bölüminiň ýolbaşçysy Jumamyrat Ernepesow söhbetdeş bolanymyzda:

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz.