Nebitçi zenanlarymyzyň göreldeli işleri

29 Aprel 2024
424

Türkmen topragynyň «gara altyndyr» «mawy ýangyç» tebigy baýlyklaryny halkymyzyň rysgal berekedine, bolelin ýaşamaklaryna gönükdirmekde «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleriniň zähmet toparlary uly işleri bitirýärler. Tutuş konsern boýunça «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen hasabat döwründe çykarylan çig nebitiň möçberi 904 müň tonna golaýlap, meýilnama 102 göterim amal edildi. Şonuň 146,5 müň tonna barabary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň arka atylan üç aýynda önümçiligiň ösüş depginini 102 göterimden hem geçirmegi başaran biziň müdirligimiziň hünärmenleriniň paýyna düşýär. Nebitçilerimiziň häzirki döwrümiziň ruhuna mynasyp bitirýän işlerinde kärhanamyzyň öz işine ussat gelin-gyzlarynyň hem saldamly goşantlary bar. Çünki müdirligimizde zähmet çekýän bir müň adamyň 252-si gelin-gyzlardyr.

Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde türkmen zenanlary jemgyýetimiziň iň täsirli güýjüne öwrüldi. Gelin-gyzlarymyz döwür bilen aýakdaş ýöräp, maşgala ojaklarynyň abraý-mertebesini, ahlak däplerini belent saklamaga, Watana mynasyp ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge işjeň gatnaşyp, halal zähmet çekmegi başarýarlar. Biz muny öz zähmet çekýän müdirligimiziň mysalanda-da aýdyň görýäris. Kärhanamyzdaky nebitçi zenanlaryň ortaça ýaşy otuz bäşe ýetenok. Olaryň 132-si ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerini tamamlan inžener-tehniki işgärlerdir. Gelin-gyzlarymyzyň on ikisi hereket edýän guýulardan çykýan çig maly ölçeýjiler, 197-si çeleklere akdyrylýan nebiti kesgitleýän önüm operatorlary, kyrka golaýy bolsa barlaghanamyzda laborant bolup, göreldeli işleri bitirýärler. Nebitgaz ulgamynda iň bir jogapkärli işler geologlaryň paýyna düşýär. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, kärhanamyzdaky geologlaryň ýedisiniň ýokary bilimli zenanlardygy bizi has-da buýsandyrýar.

Bibi ATAÝEWA,
«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitdagnebit» NGÇM-niň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.