Arkadag şäher häkimligi Aşgabat — Gökdepe ýolunda gurluşyk­-gurnama işleriniň başlandygyny habar berdi

30 Aprel 2024
464

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň, Arkadag şäheriniň häkimliginiň degişli bildirişi «Türkmenistan» gazetiniň düýnki sanynda çap edildi. Bildirişde şeýle bellenilýär:

«Arkadag şäheriniň binagärlik­ şäher gurluşyk keşbini has­-da gözelleşdirmek, ýollaryň durkuny täzeläp, raýatlara we ýolagçylara has amatly, döwrebap şertleri döretmek üçin, Köpetdag şaýolunyň «Polatly» binasy bilen «Akhan» binasynyň aralygyndaky ýol böleginde, şeýle­-de Aşgabat — Gökdepe aralygyndaky gatnawly ýolda gurluşyk­-gurnama işlerini geçirmek zerurlygy ýüze çykýar.