Ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynda oňyn özgertmeler

30 Aprel 2024
433

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynda, şol sanda ulag we kommunikasiýalar ulgamynda Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen oňyn özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Häzirki zaman üstaşyr ulag, logistik düzümlerini, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar ulgamyny kemala getirmegiň çäklerinde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça alnyp barylýan işler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan Ýewraziýa yklymynyň söwda ýollarynyň strategiki çatrygynda ýerleşmek bilen gadymyýetde tutuş yklymyň çäginden geçen we ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky söwda we medeni gatnaşyklaryň ösmegine güýçli itergi beren Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine işjeň gatnaşýar. Sebitde köpugurly ulag geçelgeleriniň ulgamynyň döredilmeginiň we ýaýbaňlandyrylmagynyň diňe bir sebit ölçeginde däl, eýsem, halkara derejesinde howpsuzlygyň, durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň, parahatçylygyň saklanylmagyna hem-de pugtalandyrylmagyna itergi berjekdigi mälimdir. Bu ugurda biziň döwletimiz Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda özboluşly “köpri” boljak hem-de ulag harajatlarynyň azaldylmagyna, yklymyň ýurtlarynyň arasynda haryt dolan-yşygynyň ýaýbaňlandyrylmagyna giň mümkinçilik açjak taslamalary amala aşyrýar.

Feruza MÖWLÝANOWA,
Türkmenabat şäherindäki Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.