Bagta barýan ýollar

1 Maý 2024
491

Golaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp wakasyna öwrüldi. Uzynlygy 600  kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň gurluşygy Aşgabat — Tejen (203 kilometr), Tejen — Mary (109 kilometr) we Mary — Türkmenabat (288 kilometr) üç tapgyrda amala aşyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan gurluşygy amala aşyrylan bu taslamanyň birinji tapgyry — Aşgabat — Tejen bölegi 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulanmaga berildi. Dünýä ölçeglerine laýyklykda gurlan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi «Altyn nesil» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirildi. Şunda ähli mümkinçilikler göz öňünde tutuldy. Şeýle hem, ýolagçylar üçin döwrebap dynç alyş we hyzmat ediş zolaklary bina edildi.

Oguljan AÝNAZAROWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň kafedra müdiri.