"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Zehin uçgunlary

12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dürli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler bir hatarda medeniýet ulgamynda çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň işini talabalaýyk guramagyň hem-de kämilleşdirip durmagyň möhümdigine üns çekdi. Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebi 1958-nji ýylyň 28-nji iýunynda açyldy. 1965-nji ýylda mekdebe Türkmenistanyň halk suratkeşi Bäşim Nuralynyň ady dakylýar. Şu geçen ýyllaryň içinde mekdebimizde ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden tanalýan türkmen nakgaşlarynyň, heýkeltaraşlarynyň ençemesi bilim aldy.

Türkmenistan — BMG: strategik hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri

Türkmenistan BMG-ä we onuň ýöriteleşdirilen düzümlerine ählumumy gatnaşyklar ulgamynyň sütüni, bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň kepili hökmünde garaýar. Ýurdumyzyň bu düzümiň halkara konwensiýalarynyň 90-dan gowragyna goşulmagy munuň şeýledigini doly tassyklaýar. Bu bolsa bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Türkmenistan häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmak bilen, parahatçylyk, özara hormat goýmak diplomatiýasyny ilerletmek, ählumumy howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşant goşýar. Bitarap Watanymyz halkara gatnaşyklarynyň gün tertibindäki gaýragoýulmasyz meselelere çynlakaý çemeleşmek bilen, Durnukly ösüş maksatlarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara gatnaşyklaryň derwaýys meselelerine jogap berýän oňyn başlangyçlarynyň we teklipleriniň yzygiderli durmuşa geçirilmegi döwletimiziň halkara giňişligindäki ähmiýetli ornuny has-da berkidýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça, dünýäniň 86 döwletiniň awtordaşlygynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Rezolýusiýan

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatyň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek, halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy karar edýär:

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»

Asmanymyz münewwer, Zemin çümdi ýaşyla,«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy».Çar ýandan myhman gelýär gutlap üç ýüz ýaşyňy,«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy». Geldi ajap zamana — çoh garaşan eýýamyň,Gül Watanym, gör, bu gün nazarynda hemmäniň.Syryn açýar her sözüň asyrlaryň, heňňamyň,«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy».

Olimp belentliklerine tarap

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Döwlet derejesinde ýaş türgenler üçin döredilýän ajaýyp şertlerimiziň netijesini ýeňişli ýollar, nusgalyk sport üstünlikleriňiz arkaly görkezmelisiňiz. Siziň Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, Döwlet baýdagymyzy belentde parlatjakdygyňyza berk ynanýaryn.

«Magtymguly» operasy sahnada

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileý toý-dabarasyna türkmen saz sungatynyň wekilleri hem özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyndan düzülen aýdym-saz topary hem opera eserini döretmekde uly tejribesi bolan, kompozitorlar Aşyr Kulyýew bilen «Abadan», Daňatar Öwezow bilen «Leýli-Mejnun» operalaryny döretmäge gatnaşan Ýuliý Meýtus akyldar şahyra bagyşlanyp döredilen «Magtymguly» operasyny halkyň dykgatyna ýetirdi. «Magtymguly» operasynyň librettosyny 1962-nji ýylda belli ýazyjy Berdi Kerbabaýew bilen ussat režissýor Alty Garlyýew ýazýar. Dana şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň halkara derejesinde bellenilýän ýylynda bu saz eserine dirižýorlyk etmegi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Gurban Babaýew öz üstüne alýar. Golaýda bu opera barada gürrüň bermegini haýyş edip, ussat dirižýor Gurban Babaýewe ýüz tutduk. Ol şonda şeýle diýdi:

Halypa heýkeltaraşyň sergisi

«Daragt kökünden suw içýär»

Bagşy Mukamlar möwç urar meňzäp ummana,Ylham hyruç alyp, gaýnanda bagşy.Arzuwa ganatdyr, melhemdir jana,Nagmalaň çar ýana ýaýranda, bagşy!

Şygryýet

Joş sen, Bahry-Hazarym! Gül Zeminiň güller öwsen mawy ýüpek öýmesi,Balyklar, guşlar, gämiler — gül öýmäniň gaýmasy.Gözellige maýyl gözleň bolmaz bakyp doýmasy,Gül-gülüstanym meniň, waspyňa dessan-gazalym,Hak salmyş mährin-nazaryn,joş sen, bahry-Hazarym!

Sapak bolan duşuşyk (Gülküli kyssa)

Ýaňy bir ýaş ýazyjy hökmünde okyjylaryň gözüne ilip başlan uçurlarym bir mekdebe duşuşyga çagyrdylar. Menem oňa barmankam uly höwes bilen taýýarlandym. Ýazyjylardan soralaýjak zatlary kellämde aýlap çykdym. Hatda halypalaryň duşuşyklarda aýdan jaýdar sözlerindenem öwrendim. Bireýýäm tanymal bolan şahyrlaryň her bir okyjynyň göwnüne jüňk bolaýjak goşgularyndanam käsini ýat bekledim. Okyjy, onda-da mekdep okuwçysy bir zat soranda jogap berip bilmän durmak ýazyjy adyňa gelişjek zat däl-dä. Barmaly wagtym mekdebiň gapysyndan ätledim. Mugallymlaram, okuwçylaram gara gadyr bolşup garşyladylar. Duşuşygyň geçýän ýeriniň — dabaralar jaýynyň içi edil muzeý ýaly-da. Her sapaga degişli görkezme esbaplaryny, tejribe enjamlaryny gowy edip goýuşdyrypdyrlar. Olary görüp mekdep döwrüm ýadyma düşüberdi.

Ýyldyzly asman (Hekaýa)

Suraty çeken Ogulmaral Çarýarowa,Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby. * * *

Çopan şahyr

«Bäjän şahyr». Amangeldi Hydyrowyň çeken suraty. * * *

Saklanyp galan pursatlar

Suratda: Türkmenistanyň halk suratkeşleri Haky Allaberdiýew bilen Aýhan Hajyýew (1988 ý.).

Dana dünýäli neşirler

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň taýýarlamagynda, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy — paýhas çeşmesi» atly ylmy makalalar ýygyndysy, «Bagtyýar ýaşlarymyzyň kalplarynyň şygary, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgular ýygyndysy we «Ylym» neşirýaty tarapyndan şu institutyň uly mugallymy Jahan Saparowanyň «Поэзия Махтумкули Фраги: лингвокультурологический и лингвопоэтический аспекты» atly monografiýasy neşir edildi. «Magtymguly Pyragy — paýhas çeşmesi» atly makalalar ýygyndysynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň akyl gämisinde pikir derýasyny gulaçlan dana Pyragynyň edebi mirasyna — dünýewi garaýyşlaryna, filosofik pikirlerine, Watan gymmatlyklaryna bagyşlap ýazan ylmy makalalary girizilipdir.

Magtymgulynyň syýahatlary

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmak, ony doganlyk halklaryň arasynda wagyz etmek işleri ýokary gerime eýe boldy. Akyldar şahyrymyzyň syýahatlary, gezen ýurtlary barada biziň günlerimize çenli taryhy ýa-da golýazma maglumatlary saklanyp galmandyr. Magtymgulynyň gezen ýurtlary babatda D.Amanekow bilen K.Weýisowyň «Magtymgulynyň syýahatlary» atly makalasynda: «Magtymgulynyň eserlerinde daglaryň, sähralaryň, şäherleriň, ýurtlaryň, derýa we deňizleriň atlarynyň duş gelmegi, dogrudan-da, şu syýahatlaryň netijesidir» diýip bellemegi, ylmy nazaryýetden seredeniňde, örän ýerlikli çykarylan netijedir. Dana şahyrymyzyň Eýran, Turan, Owganystan, Hindistan, Demirgazyk Kawkaz, Astrahan ýaly dürli ýurtlara, şäherlere syýahat etmegi, şol ýerlerde ýaşaýan halklaryň ýaşaýyş durmuşy bilen tanyşmagy, olaryň gözel tebigatyna bolan çäksiz guwanjy onuň dünýägaraýşyny giňeldip, döredijiligine öz täsirini ýetiripdir. Bu syýahatlarda dörän eserler şahyry millilik çäginden çykaryp, umumadamzat söýgüsine mynasyp edipdir. Eýsem, şahyryň gadymy Hindistana syýahat etmek baradaky arzuwlary nähili döredikä? Ýa-da olar Abu Reýhan Biruniniň «Hindileriň taryhy», «Hindistanyň görnüşleri» atly kitaplaryny okanyndan soňky täsirlermikä? Bu garaýşymyz ylmy taýdan takyk bolmasa-da, dana şahyrymyzyň hemi

Muzeý gymmatlyklary

Suratkeş S.G.Sarkisowyň «Änew metjidi» diýen işi. * * *

Pyragyda däp-dessurlar

Türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy öz şygyrlarynda adamzadyň müdimi gymmatlyklaryny wagyz etmek bilen, olaryň many-mazmunyny şygryýete salyp, nesillere miras galdyrypdyr. Şahyryň döredijiliginde watançylyk, söýgi, öwüt-nesihat, dünýä, jemgyýetçilik gatnaşyklary baradaky meseleler bilen bir hatarda, XVIII asyrda Etrek, Gürgen sebitlerinde ýaşan türkmenleriň ruhy we maddy medeniýetine degişli gymmatly maglumatlar hem berilýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda türkmen halkynyň myhmansöýerlik, köpçülikde özüňi alyp barmagyň kadalary, toý we ýas däp-dessurlary, ynançlary öz beýanyny tapýar. Şahyryň «Söwüş bile» goşgusynyň:

Rabindranat Tagor

Paýtagtymyzdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky dünýä edebiýatynyň, sungatynyň meşhur wekilleriniň heýkelleriniň arasynda görnükli hindi ýazyjysy, şahyry, kompozitory, suratkeşi, jemgyýetçilik işgäri Rabindranat Tagoryň hem heýkeli bar. Rabindranat Tagor 1861-nji ýylyň 7-nji maýynda Kalkuttada dünýä inýär. Bäş ýaşynda Gündogar seminariýasyna okuwa berlen Rabindranat sekiz ýaşynda goşgy ýazyp başlaýar. On alty ýaşynda nowellalarydyr drama eserlerini döredip ugraýar, Bhanusimha (Gün ýolbarsy) edebi tahallusy bilen ilkinji şygyrlaryny çap etdirýär.

Üstünlik hemraňyz bolsun!

22-nji iýulda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherinde «Hemmeler üçin açyk oýunlar» şygary bilen geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen dabarada Türk­me­nis­ta­nyň Bedenterbiýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy­, Mag­tym­gu­ly adyndaky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy­ çykyş edip, milli ýygyndy toparymyzyň türgenlerine şowly çykyş edip, Watanymyzyň ýaşyl Tuguny belentde parladyp, ýeňiş bilen dolanyp gelmekleri arzuw etdiler. Olim­piýa oýunlaryn­da agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ra emin­lik et­jek Türk­me­nis­ta­nyň Agyr at­le­ti­ka federasiýasy­nyň baş kä­ti­bi Ça­ry Mäm­me­dow hem-de ýur­du­my­zyň mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­sy Ser­dar Ra­hy­mow öz çykyşlarynda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türgenleriň türk­men spor­tu­nyň ab­ra­ýy­ny go­ra­mak ug­run­da yh­las-ba­şar­nykla­ry­ny gaýgyrmajak­dyk­la­ry­

Aýdyň maksatlar — aýdyň menziller

Berkarar döwletimiziň dünýäniň syýasy, ykdysady giňişliginde özüniň ornuny pugtalandyrmagy, maksatnamalaýyn esasda, arabaglanyşykly, utgaşykly ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň ösüşlere beslenýän ykdysady strategiýasynyň görkezijisi bolup durýar. Ajaýyp zamanamyzda asyrlary nazarlaýan tutumlaryň başlangyjyny goýýan wakalaryň her biri göwünlere ganat bagladýar. Her bir başlangyjyň üstünlige beslenmegi bolsa ösüşlere tarap barýan ýolda halkymyzyň öňünde anyk maksatlaryň, kesgitli wezipeleriň goýulýandygy, olary amala aşyrmak üçin mynasyp şertlerdir mümkinçilikleriň döredilýändigi bilen baglanyşykly. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň öňümizdäki alty aýynyň hem il-ýurt bähbitli işlere, üstünliklere, halkara ähmiýetli wakalara beslenjekdigine hormatly Prezidentimiziň 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýdylanlardan hem göz ýetirdik. Geçirilen giňişleýin mejlisde 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda durmuşa geçirilen işleriň jemlerini jemlemek bilen bir hatarda öňde durýan wezipeler hem kesgitlenildi. Mejlisiň barşynda degişli ýolbaşçylaryň hormatly Prezidentimize beren hasabatlary geçen ýarym ýylda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda görlen çäreleriň netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşiniň üpjün edilendigini äşgär görkezdi.