DOSTLUKLY GATNAŞYKLARYŇ NETIJELI UGRY
Parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, dürli görnüşlerde netijeli sebitleýin hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Şu maksat bilen, ýurdumyz söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy höweslendirmek boýunça anyk ädimleri ädýär, iri düzümleýin taslamalary amala aşyrýar. Ýurdumyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän netijeli daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge gönükdirilendir. Aziýa sebitiniň döwletleri bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bu ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan dostluk we özara goldaw bermek däpleri birleşdirýär.