Hojambaz etrabynyň 3-nji sport mekdebinde okuwçylaryň arasynda «Sagdyn jemgyýet ýörelgesi – geljegimiziň gözbaşy» ady bilen futbol ýaryşy geçirildi. Çekeleşikli geçen ýaryşda Döwletgeldi Rozyýew, Eziz Gadamow, Serdar Jumaýew ýaly türgenler has-da tapawutlandylar. Çekeleşikli geçen bäsleşikde ýeňijilere we tapawutlanan türgenlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap geňeşiniň ýadygärlik sowgatlarydyr Hormat hatlary gowşuryldy.
Gunça HATAMOWA,