Halkyň we döwletiň bähbidine tagallalar

4 Aprel 2024
481

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Mejlisde ýurdumyzyň bank edaralarynda her ýyllyk maliýe hasabatlaryna audit barlaglaryny halkara standartlara görä geçirmek babatda alnyp barylýan işler, Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme foruma taýýarlygyň, ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän oba hojalyk işleriniň barşy, ýokary hilli, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleriň önümçiligini giňeltmek, söwda ulgamynyň işini täzeçe guramak üçin görülýän çäreler baradaky hasabatlar diňlenildi. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek boýunça dabaralara görülýän taýýarlyk mejlisiň gün tertibiniň aýratyn meselesi boldy. Şeýle-de 2024-2025-nji okuw ýylynyň 1-nji synp okuwçylaryna noutbuk görnüşli kompýuterleri sowgat bermek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.