Siwilizasiýalaryň gözbaşyndaky şäher

4 Aprel 2024
400

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň medeniýet öýünde geçirilen «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahat bu şäheriň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralan çäreleriň esasylarynyň biri boldy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty tarapyndan guralan wekilçilikli maslahata meşhur taryhçylar, arheologlar, etnograflar, Gündogary öwrenijiler, belli professorlar, ýaş alymlar, şeýle hem daşary ýurtlaryň, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Russiýa Federasiýasynyň, Pakistanyň, Germaniýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we beýleki döwletleriň muzeýleriniň wekilleri çagyryldy. Myhmansöýer türkmen topragynda bolmagynyň çäklerinde köp sanly daşary ýurtly myhmanlar şu ýyl Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahatyň öň ýanynda guralan dabaralara gatnaşdylar hem-de açyk asmanyň astyndaky ýadygärliklere — gadymy Änew galasyna we gaýtalanmajak bezeg aýratynlyklary bilen tapawutlanýan, «Gözellik öýi» diýlip atlandyrylýan meşhur binagärlik toplumy bolan Seýit Jemaleddin metjidine baryp gördüler.