Alyslara, kalplara syýahat

4 Aprel 2024
407

Orta asyrlarda ýaşap geçen meşhur şahyr Reýhan Horezmi şeýle ýazypdyr: «Dünýäde atyň üstünden oňat tagt ýok, kitapdan gowy dost ýok». Magtymguly atamyz: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýse, Gahryman Arkadagymyz: «Kitap ylmyň miwesi, medeniýetiň gülüdir. Kitaplar köp neşir edilse, ylym hem güllär, medeniýetem» diýýär. Hawa, kitaplar solmaýan güller ýaly, okadygyňça ýüregi tämizleýär, kalbyňa ylham berýär. Hormatly Prezidentimiziň golaýda halkymyza sowgat eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby hem kalplara bahar gülleri dek ýakym bagyş etdi.

Halkymyzyň buýsançly taryhy, watançylyga ýugrulan päkize kalby açylyp görkezilýän bu kitap hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylda Ahal topragyna aýlanmagyndan galan täsirleriň netijesinde edilen uzak-uzak gözlegleriň miwesi. Şu ýerde bir akyldaryň «Görmek bilen görmegiň tapawudy» barada aýdanlary hakydaňa gelýär. Syýahat, gezelenç — bular geçmişe zyýarat. Ýöne şol zyýaratlaryň ynsanlara täsir edişi dürli-dürli. Kimsi gezelenjiň üýtgeşik lezzetini duýmaýar, başga biri bolsa syýahatyň dowamynda gören zatlaryny içgin synlaýar, gözellikden, täsinlikden kalbyny pürepürleýär, şonuň bilenem gezelenç tamamlanýar. Ýene biri gezelençde, syýahatda gören zatlaryny ýüregine, kalbyna ýazýar. Aýlaryň, ýyllaryň dowamynda ýürekde ýaşansoň, ol täsirler ylmy işe ýa-da çeper esere öwrülýär. Şeýdip kalby döredijilikli ynsan syýahatda gören zatlaryna täze ömür bagyş edýär.

Ogulmaýsa ALLABERDIÝEWA,
«Edebiýat we sungat».