Sergiden ýaýraýan ýalkym

4 Aprel 2024
428

Garaşsyz Türkmenistan Watanymyz häzirki zaman tehnologiýaly önümçilige eýe boldy. Munuň şeýledigini 3-nji aprelde paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň söwda toplumlarynyň, telekeçileriniň öndürýän önümleriniň we hyzmatlarynyň ýörite sergisiniň guralmagy-da aýdyň äşgär edýär. Hökümet agzalarynyň, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşan sergide, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy diňlenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sergä baryp görmek bilen, bu ýerdäki dokma önümleriniň, gök önümlerine degişli harytlaryň, älemgoşar öwüşginli matalaryň hiline ýokary baha berdi. Şeýle-de sergide azyk önümleriniň, guş etiniň öndürilişi bilen tanşyp, oňa täze, ösen tehnologiýalary we usullary halkara tejribeleri ornaşdyrmagy, söwda medeniýetini ýokarlandyrmagy maslahat berdi.

Ýörite habarçymyz.