Täze Seýit Jemaleddin metjidi ruhy päkligiň öýi bolar

4 Aprel 2024
554

Mübärek Oraza aýynda, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çäreler bilen utgaşyklylykda Ak bugdaý etrabynyň çäginde täze metjidiň açylmagy halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden ýagşy dessurlarynyň barha rowaçlanýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy. Onuň açylyşyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Gahryman Arkadagymyz bu ýere ýygnananlar bilen bilelikde täze metjidiň içine girdi. Soňra onuň sadaka jaýynda şanly waka mynasybetli çykyş etdi.