TÜRKMEN ZENANLARYNA GOÝULÝAN SARPA

4 Aprel 2024
498

Toýlarymyzyň toýa ulaşýan, asylly umytlarymyzyň hakykata öwrülýän ajaýyp döwründe, gözel türkmen sährasyna bahar gelip, ene topragymyzyň ýaşyl kürte geýip, daglarymyzyň-düzlerimiziň gül açýan günlerinde, Halkara zenanlar güni mynasybetli, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda, guramalarda işleýän, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada hem-de kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenstanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan, şeýle hem mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşuryldy. Munuň özi körpeje gyzlarymyzyň, zenanlarymyzyň, mährem enelerimiziň aýratyn alada bilen gurşalyp, olara uly hormat goýulýandygyndan nyşandyr.

Häzirki wagtda ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramagyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan gözbaş alyp gaýdýan hukuk esaslaryny düzýän birnäçe kanunlar hereket edýär.

Bahar SEÝIDOWA
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.