EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY – ÄHLUMUMY ÖSÜŞIŇ GIREWI

4 Aprel 2024
570

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk hem-de hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny işjeň durmuşa geçirýär. Turuwbaşdan hemişelik bitaraplyk taglymatyndan ugur alyp, dünýäde we sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we ylalaşygy pugtalandyrmak, gyzyklanma bildirýän ähli döwletler we halkara guramalar bilen hoşmeýilli, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, Ählumumy Gün tertibiniň gaýragoýulmasyz meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryna goşant goşmak, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna ygrarly bolmak ýaly ýörelgeler ýurdumyzyň daşary syýasatynyň özenini düzýär.

Döwletimiz halkara giňişlikde bütin adamzady tolgundyrýan wajyp meseleleriň netijeli çözgüdini tapmakda kesgitleýji orunlaryň birini eýeleýär. Ýurdumyz bu meselelere örän jogapkärli garamak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge çynlakaý çemeleşýär. Häzirki wagtda howanyň üýtgemeginiň öňüni almak, daşky gurşawy goramak, suw-energetika serişdelerinden aýawly peýdalanmak bütin adamzadyň geljegi üçin çözülmesi örän wajyp bolan çylşyrymly meseleler bolup durýar. Bilelikde tebigatdan jogapkärçilikli peýdalanmak ýurtlaryň we halklaryň durnukly ösüşiniň ýeke-täk ýoludyr. Şu nukdaýnazardan, bu meseleleriň çözülmegi diňe dünýäniň ähli döwletleriniň tagallalarynyň birikdirilen ýagdaýynda mümkindir. Çünki tebigatyň döwlet serhedi ýok, dünýäniň bir künjünde dörän ekologik işjeňlik beýleki bir künjüne öz täsirini ýetirýär.

Welimyrat ÖWEZOW
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri.