Söwda toplumynyň köpugurly mümkinçilikleri bilen tanyşlyk

4 Aprel 2024
420

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda söwda toplumynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarydyr düzümleriniň 210-dan gowragynyň gatnaşmagynda ýaýbaňlandyrylan ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem baryp gördi. Giň gerimli gözden geçiriliş häzirki döwrüň sazlaşykly ösüşini, önümçilik kuwwatlyklarynyň uly geljegini aýdyň görkezýär.

Şu gezekki serginiň esasy maksady milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginden, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmeginden, eksportyň artdyrylmagyndan hem-de önümçilikleri depginli döwrebaplaşdyrmakdan ybaratdyr. Kabul edilen ösüş maksatnamalarynyň çäklerinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň işini kämilleşdirmek boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleri beýan edýän köp sanly diwarlyklar hem munuň aýdyň güwäsidir.