"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Aşgabat — beýik medeniýetiň ojagy

Gahryman Arkadagymyz Watanymyzyň ýüregi bolan Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň häkimliginde geçiren maslahatynda taryhymyzyň şanly sahypalary baradaky maglumatlary halkymyza yzygiderli ýetirip durmagy ündedi. Taryha baý Watanymyzyň şöhratly geçmişini öwrenmegiň, parasatly pederlerimiziň watanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolmagyň ýaş nesillerimiz üçin aýratyn terbiýeçilik we ýokary watançylyk ähmiýetiniň boljakdygy ikuçsuzdyr. Taryhçy Ö.Gündogdyýewiň «Aşgabat — keramatly Ärsagyň şäheri» atly kitabynda ýazyşy ýaly, Watanymyzyň daýanjy bolan Aşgabat müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň umumy taryhy üçin ähmiýetli wakalaryň amala aşan mekany bolup geldi. Paýtagtymyz we onuň töweregindäki gadymy obalarda ekerançylyk, maldarçylyk tejribeleri kemala gelipdir, binagärlik, ylym-bilim, medeniýet we sungat babatdaky ösüşleri tutuş sebitiň özgermegine, goňşy halklaryň medeni aň-bilim kämilligine täsir edipdir. Aşgabadyň gadymy Oguz türkmen döwletiniň, kuwwatly Parfiýanyň, Beýik seljuklar şadöwletiniň merkezi paýtagt şäherleriniň biri hökmünde taryhyň baş sahnasynda mynasyp orun eýeländigi hem-de onda asyrlara ýaň salan medeni galkynyşlaryň amala aşandygy munuň şeýledigini doly tassyklaýar. Hatda eziz Watanymyzyň taryhynyň iň çylşyrymly asyrlarynda hem Aşgabat özüniň tebigy gözellikleri, bol suwy we rysgal-berekede beslenen topragynda ýetişdirilen

Ene — durmuşyň bezegi

Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeniniň döredilmegi, sekiz we şondan köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy hem-de ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň sowgat berilmegi bagtyýarlyk döwrümizde enelerimize nähili belent sarpa goýulýandygyna şaýatlyk edýär. Ine, bu ýyl hem 8-nji mart — Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyz boýunça sekiz hem şondan köp çagaly eneleriň ençemesine ýurt Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy. Olaryň käbirleriniň ýürek sözlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Aşgabat — bagtyýarlygyň şäheri

Göreniňde gözüň eglenip, synlanyňda synyň oturýan gözel görkli paýtagtymyz Aşgabat Gündogaryň iň owadan merjen şäherine öwrülýär. Ak mermer şäherimiz Aşgabady ýurdumyzyň bagtyýar raýatlary «Aşgabadym — göwün şadym!», «Ak şäherim — Aşgabat!» diýip söýgüleýär. Uly ösüşlere beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 140 ýyllygy bellenilýän baş şäherimiziň toý-baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk işleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesine taýýarlyk işleri bilen utgaşyp, giň gerimde ýaýbaňlanýar. Aşgabadyň uzaklardan seleňläp görünýän owadan binalaryny, ajaýyp ymaratlaryny, altyn gümmezli köşklerini, köp sanly döwrebap suw çüwdürimlerini, täze ýaşaýyş jaý toplumlaryny we beýleki durmuş maksatly desgalaryny göreniňde göwnüň göterilýär. Ak mermer şäherimiziň gözel keşbini synlanyňda hormatly Prezidentimiziň: «Aşgabady jennet mekana öwürmek meselesi öňümizde goýan maksatlarymyzyň biridir» diýip, belleýän sözleriniň bu gün hasyl bolýandygyna göz ýetirip, guwanjyň goşalanýar. Ýeri gelende, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen paýtagt şäherimiziň iri halkara maslahatlarynyň, sergileriniň, işewür duşuşyklarynyň, goňşy we dostlukly döwletleriň medeniýet günleriniň, festiwallarynyň, şeýle-de sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezi şäherine öwrülendigini guwanç bilen bellemek gerek. Bagtyýarlygyň bagt şäheri bolan gözel Aşgabadyň mermer şäher hökmünd

Aşgabadyň XIX — XX asyrlardaky taryhynyň sahypalary

Rus çeşmelerinde Aşgabadyň ady 43 sany galanyň sanawynyň içinde «Işkabad» ady bilen 1850-nji ýylda peýda bolýar. XVIII asyryň ahyrynda Nusaý şäheri ýaşamagyny bes edip, onuň ýerinde Bagyr obasy peýda boldy. Aňyrsy parfiýalylara baryp direýän bu welaýatda Aşgabat şäheri öňe saýlanýar. XIX asyrdan başlap ýazuw çeşmelerde şäheriň bu ady ýygy-ýygydan agzalyp ugralýar. Hywa taryhçylary Munis we Ägehi türkmen hany Myrat Serdaryň 1818-nji ýylda keseki ýurt hanynyň goşunlary bilen uruşmak üçin, Aşgabadyň we Änewiň ýaşaýjylarynyň hasabyna öz goşun bölümleriniň üstüni ýetirendigini habar berýär. Şol döwürde Aşgabat berkitmeler bilen gurşalypdyr we ahal tekeleriniň merkezi bolupdyr. Şol ýylyň özünde Hubbyguly hojanyň ýolbaşçylygyndaky güýçli keseki ýurt goşuny köp adamlary gyryp, Aşgabadyň we Aşgabat bilen Mänäniň aralygyndaky ýerleriň boşap galmagyna sebäp bolýar. 1853-nji ýylda keseki ýurt şazada Feridun Mürzäniň ýolbaşçylygyndaky keseki ýurt goşunlary türkmen topragyna aralaşýar. Keseki goşunlaryň Emir han tarapyndan baştutanlyk edilýän öňdäki bölümleri Aşgabadyň eteginde berk gaýtawula sezewar bolýar. Söweş uzak dowam edýär. Ýöne şol wagt goşunlary bilen şazadanyň özi hem ýetip gelýär. Türkmenler yza çekilmäge mejbur bolýarlar. Feridun Mürze birnäçe wagtlap Aşgabatda bolandan soň, şäheriň çäginde we onuň töwereginde ýerleşen 36 sany berkitmäni ýumurmaga buýruk berýär. Ýöne şond

Gözelligiň we bagtyýarlygyň şäheri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde ägirt uly ösüşlere eýe bolýar. Türkmenistan dünýäde iň sazlaşykly hem-de çalt depginler bilen ösýän döwletleriň birine öwrüldi. Gözelligiň nury çaýylan türkmen topragynda şäherdir obalar günsaýyn ösýär, özgerýär. Türkmen ýaýlasyndan görk alan ýurdumyzda ata Watanymyzyň batly ösüşlerini äleme ýaýýan gurluşyk işleri aýratyn buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Bina edilýän belent ymaratlar, suw çüwdürimler toplumlary, köçeleriň ýakasynda öwşün atýan gül-gülälekli meýdançalar paýtagtymyz Aşgabada görk goşýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde Aşgabat dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrüldi. Ýurtda gurulýan desgalaryň, binalaryň gözelligi görenleri haýrana goýýar. Ak mermere beslenen belent mermer jaýlarda ýaşaýjylar üçin ähli ýokary amatlyklar göz öňünde tutulandyr. Täze gurulýan möhüm desgalar ata Watanymyza özboluşly bezeg berýär hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň barha kuwwatlanmagyna badalga bolýar. Gözelligiň şäheri Aşgabat — Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ýüregi. Bu gözel şäherde edil paýtagtymyzyň arassalygy, gözelligi ýaly arassa, gözel kalply adamlar ýaşaýar. Hut şonuň üçin hem mermer paýtagtymyz dünýäde ylalaşdyryjy merkez, parahatçylygyň mekany hökmünde uly ynam, beýik söýgi bilen guwanylýan, buýsanylýan şäherdir.

Durnukly ösüşiň möhüm şerti

Giň göwrümli, aýdyň maksatly işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýän döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen Milli maksatnamalar innowasion ösüşi gazanyljak belent sepgitleriň esasy ugry bolup durýar. Ykdysadyýetimiziň uzak möhletli ösüşini üpjün etmek üçin saýlanan bu baş ýörelge öňdebaryjy ylmy taglymatlary we innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly ýurdumyzyň ykdysady serişdeleriniň we tebigy baýlyklarynyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde durnukly ösüşi gazanmagyň, ykdysadyýetde we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda netijeliligi ýokarlandyrmagyň esasy şerti sanly ulgama doly geçmekdir. Dünýäniň ähli döwletlerinde sanly tehnologiýalary ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bäsdeşlige ukyply innowasion ösüş we täze iş orunlarynyň, döwrebap mümkinçilikleriň döredilmegi häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň pudaklaryny yzygiderli ösdürmek bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, önümçilik we hyzmatlar ulgamyna ylmy we innowasion täzelikleri giňden ornaşdyrmak wezipeleri boýunça maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurtda ýokary öndürijiligi üpjün etmäge we uzakmöh

Dabarasy dünýä dolan Diýarym

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyz Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň ýoly bilen röwşen geljege barýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy we başlangyçlary netijesinde, ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny gurşap alýan özgertmeler ata Watanymyzyň uly  ösüşleri gazanmagyna şert döredýär. Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň erkinlik, özbaşdaklyk baradaky arzuwlarynyň ajaýyp dabaralanmasy bolup, türkmen halkynyň bagtyýar ertirine, müňýyllyklara uzaýan ak ýoludyr. Garaşsyzlyk halkymyzyň millet, özbaşdak döwlet hökmünde ykrar edilmegidir. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr.

Eziz Arkadagymyza alkyş aýdýar eneler Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan eneleriň ýürek buýsanjy

Dünýägözel MUHAMMEDOWA,Serdar şäherinden öý hojalykçy:  — Bedew bady bilen okgunly öňe barýan ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolmagym durmuşymda ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Bu ýyl agzybir ojagymyzda Halkara zenanlar gününi goşa baýram hökmünde belledik.

Baky bagtyň binýady

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümiz-däki ýylda hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň taryhy 30 ýyllyk baýramy egsilmez buýsanç, uly dabaralar bilen belleniler. «Garaşsyzlyk özünde ägirt uly many-mazmuny jemlemek bilen, eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düşünmäge mümkinçilik berýär. Garaşsyzlyk baýramy bolsa beýik dabaradyr!» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe — Garaşsyzlyk ýyllarynyň iň ösüşli zamanasynda ýurdumyzda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistan taryhy jähetden alanyňda, juda gysga döwrüň içinde dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşuldy. Bu gün biziň Garaşsyz döwletimiz bilen hyzmatdaşlyk edýän ýurtlaryň sany barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň başda durmagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda gazanylýan döwletara ylalaşyklar sebitde durnuklylygy, gatnaşyklaryň işjeňleşmegini üpjün edýär, ykdysady we beýleki meseleleri üstünlikli çözmäge şert döredýär. Häzirki wagtda durmuşa geçirilýän halkara ähmiýetli taslamalar diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň hem bähbitlerine hyzmat edýär. Bu bolsa guwandyryjy hem-de buýsandyryjy ýagdaýdyr. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda Garaşsyz Diý

Dünýäniň görki

Welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň bilelikde guramaklarynda geçirilen dabaraly çäre «Dünýäniň bar görki ene sen, ene!» diýlip atlandyryldy. Oňa bilim, medeniýet ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary synp mekdep okuwçylary we ýerli şahyrlar gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda baýramçylyk gutlaglaryna uly orun berlip, olarda ýurdumyzda mährem enelerimize, zenanlarymyza goýulýan belent sarpa dogrusynda buýsançly gürrüň edildi. Mekdebiň mugallymlarydyr okuwçylary goşgularda, aýdym-sazlarda Halkara zenanlar gününiň, ata Watanymyzyň, eziz Arkadagymyzyň beýik işleriniň, mährem enelerimiziň, baýdak ýaly gelin-gyzlarymyzyň waspyny ýetirdiler. Nebitçileriň medeniýet köşgüniň «Dehistan» aýdym--tans we folklor etnografiýa toparynyň agzalary küşt depip, gazal aýdyp, baýramçylyk çäresiniň şowhunyny has-da artdyrdylar.

Wagyz-nesihat çäreleri

Sagdyn durmuş ýörelgeleri ündeldi Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 13-nji orta mekdepde «Sagdyn nesil — geljegiň gözbaşy» diýen at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap hassahanasynyň we bilim bölüminiň hünärmenleri gatnaşdylar.

Joşgunly zähmet barha batlanýar

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe döwrebap ulaglar düzümi hem-de ulag ýollary hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oňyn içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzyň üstünlikli ösmeginiň möhüm şertidir. «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 22-nji şahamçasynda hem bu ugurda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna taýýarlyk görülýän häzirki günlerde netijeli işler alnyp barylýar. Şahamçada ýurdumyzyň gündogar sebitiniň demirýol we beýleki käbir gaýry pudaklaryny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça döwrebap we üznüksiz hyzmatlaryň ýokary derejede ýerine ýetirilýändigini görmek bolýar. Watanymyzda daşalýan ýükleriň agramly bölegi demirýol ulaglary arkaly amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň ulgamyň işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça mynasyp işler durmuşa geçirilýär. Bu barada şahamçanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy Nigara Hemraýewa şeýle gürrüň berýär.

Açyklyk we aýanlyk esasynda

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň geçiriljek güni barha golaýlaşyp gelýär. Bu möhüm ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy waka ýurdumyzyň iň täze taryhynyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylar. Şol gün raýatlarymyz iň mynasyplara öz seslerini berer. Häzirki wagtda bolsa saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin taýýarlyk işleri dowam edýär. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleri bellige almak möwsümi tamamlandy. Hödürlenen dalaşgärleriň 111-si Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparda bellige alyndy we olara dabaraly ýagdaýda şahsyýetnamalar gowşuryldy.

Täzelikler

Döwletli etrabynyň çäklerinde döredilen «Gaýrat agro» daýhan hojalygy tarapyndan uzynlygy 3,7 kilometre ýetýän suw akabasy çekildi. Häzir bolsa 7 kilometrlik awtomobil ýoluň gurluşygy dowam edýär. Olaryň ikisi hem daýhan hojalygyna berkidilen ekin meýdanlaryna sary uzaýar. «Gaýrat agro» mundan alty aý ozal Çärjew etrabynyň H.Hajyýew adyndaky daýhan birleşiginiň Döwletli sebitlerindäki ýerlerinde döredildi. Daýhan hojalygyna berkidilen 1350 gektar ýeriň 690 gektaryna bugdaý ekildi. Bu ýeriň 337 gektaryna gowaça ekmek meýilleşdirilýär.

Asyr yzlan asylly ýörelgeler

Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän kitaplarynyň ählisinde türkmen döwletini we jemgyýetini kämil ýol bilen ösdürmegiň anyk ýörelgeleri öňe sürülýär. Bu bolsa köküni geçmişden alan, geljege beýik miras bolup durýan ýörelgelerdir. Hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda: «Dünýäniň iň öňdebaryjy taglymatlarynyň durmuşda ähtibarlylygynyň sebäbi hem olaryň parahatçylyk söýüjiligiň we dostlugyň güýjüne esaslanýanlygyndadyr» diýip belleýär. Alym Arkadagymyzyň şanly Garaşsyzlygymyzyň öň ýanynda il-halkyna peşgeş beren bu eserinde türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň jümmüşinden gelýän däp-dessurlary, döwleti dolandyrmagyň ýollary, ruhy-ahlak gatnaşyklary, syýasy filosofiki aňyýeti, parahatçylyk, dost-doganlyk, birek-birege ynanyşmaklyk baradaky ajaýyp maglumatlar dürli durmuşy tymsallaryň, hekaýatlaryň, pähim-parasadyň üsti bilen beýan edilýär. Kitapda Oguz han Türkmeniň döwründen bäri dowam edip gelýän döwleti dolandyrmagyň tejribesi, usullary barada aýdylýar. Olar türkmen halkynyň müňýyllyklardan gelýän bitaraplyk, parahatçylyk, ynanyşmak garaýyşlary, däp-dessurlary bilen baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyz: «Döwletara gatnaşyklary parahatçylykly ýol bilen berkitmek halkymyzyň Oguz han zamanyndan bäri ygrarly ýörelgesidir. Şol ýörelge häzirki günde döwrebap mazmunda Garaşsyz türkmen döwletiniň halkara gatnaşyklaryndaky üstünliklerinde wajyp orn

Halkara ýaryşlaryň mekany

Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly Berdimuhamedow:— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri kämil ýörelgeleri durmuşa ornaşdyrmagyň, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermegiň ajaýyp zamanasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, dünýäniň sport giňişliginde Watanymyzyň abraýy barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň gurduran Olimpiýa şäherçesi häzirki wagtda dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär.

Älem içre arşa galsyn şanymyz!

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Garaşsyz Türkmenistanda gündogar-günbatar, demirgazyk-günorta ulag ugurlaryny döretmek we ösdürmek ugrunda giň maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda bu ugurda iri taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň dowam etmegine ýardam edýär. Ýurdumyz bu ugurda bar bolan mümkinçiliklerini doly we üstünlikli amala aşyrmaga çalşyp, hereket edýän ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmäge we olaryň täzelerini döretmäge, şeýle hem pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyny gazanmaga gönükdirilen milli maksatnamalary üstünlikli amala aşyrýar. Şu ýylyň ilkinji aýynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Türkmenistan ― Owganystan ― Täjigistan demir ýolunyň Akina ― Andhoý şahasynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmek, halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça ýetilen belent sepgitleriň ýene-de biridir. Ýurdumyzyň serişdeleriniň hasabyna gurlan bu 30 kilometrlik demir ýol ýakyn geljekde sebitleriň we yklymlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşmegine, halklaryň özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä göterilmegine şert döreder. Täze, döwrebap ulag ýollarynyň, düzümleriniň we geçelgeleriniň köpsanlysynyň döredilmegi ýurdumyzyň çägine gelýän we ü

Göwünleriň hem dünýäniň ykrary

Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna taýýarlyk görmegiň meselelerine bagyşlanyp ýakynda geçirilen maslahatda hormatly Prezidentimiziň: «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabady ösdürmek boýunça köp işler edildi. Özboluşly binalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, oklaw ýaly köçelerdir şaýollar, gözel seýilgähler, ajaýyp ýadygärlik toplumlary baş şäherimiziň görküne-görk goşýar. Ony Gündogaryň merjen şäherine öwürýär. Şeýle bolansoň, paýtagtymyzyň täsin binagärlik görnüşli desgalary 11 gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi» diýen sözlerini eşidip, kalbymyzda ýene bir ýola merjen şäherimize, ak paýtagtymyza bolan söýgimiz artdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy bilen gabat gelýän bu şanly senä barýan günlerimizde Aşgabadyň bütindünýä täsinlikler neşiriniň güwänamalaryna mynasyp bolan ýakymly pursatlarynyň käbirini ýatlap geçmek merjen şäherimize bolan buýsanjymyzy artdyrýar. Mundan 13 ýyl ozal ― 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Milli muzeýiniň öňünde dikilen ýaşyl Tugumyz we onuň sütüni «Dünýäniň iň belent baýdak sütüni» diýlip Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu sütüniň beýikligi 133 metre ýetýär. Şeýlelikde ol mundan ozal rekordy elinde saklan Iordaniýadaky sütünden 1 metr beýikdir. Bu kuwwatly sütündäki Döwlet Baýdagymyzyň ini 52,5, boýy 35 metre çenli uzady. Bu ägirt baýdak bagtymyzyň güwäsi bolup, şu ýyl 140 ýaşy bellenilýän paýtagtymyzyň ähli künjegind

Parahatçylyk we ynanyşmak ýoly — beýik ösüşleriň ýoly

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň bähbidine, dünýäniň abadançylygyna gönükdirilen beýik başlangyçlary netijesinde, dünýäde parahatçylygy gorap saklamak we birek-birege ynanyşmak ýoly bilen ynamly öňe barýan mähriban Diýarymyzyň her güni toý-baýramlara, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni kuwwatyny pugtalandyrýan, agzybirligi, jebisligi has-da rowaçlandyrýan şanly wakalara beslenýär. Milli Liderimiziň halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny, nurana geljegini nazarlaýan «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bagtyýar halkymyzyň her gününe ýagty şuglasyny saçýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly hem-de öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, bagtyýar zamanamyzyň eşretini görüp ýaşaýan halkymyzyň zähmet çekmegi, döretmegi hem-de ata-babalarymyzdan gelýän ynsanperwerlige ýugrulan mukaddes däp-dessurlaryny, ynanç-ygtykatlaryny berjaý etmegi üçin ähli şertleriň döredilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi dünýäniň iň kuwwatly döwletleriniň, türkmen milletini bolsa dünýäniň iň bagtyýar halklarynyň birine öwürdi.

Aşgabat

Uzaklardan ýalkym atar jaýlaryň,Ak mermerli ak şäherim Aşgabat!Toýlara beslenen günüň, aýlaryň,Ak mermerli ak şäherim Aşgabat! Söýgi, yhlas bilen düýbüň berkedi,Gözelligiň haýran edýär her kesi,Hoşmeýilli ylalaşyk  merkezi,Ak mermerli ak şäherim Aşgabat!